M
14
Madaý – häzirki günbatar-demirgazyk Eýranda ýerleşýän güýçli patyşalyk. Pars imperiýasynda madaýlar parslar bilen bile bir patyşalykda gulluk edipdirler. Şonuň üçin olaryň kanunlaryna «Medes we pars kanunlary» diýlipdir.
2Pat 17:6; Est 1:19; Dan 6:8, 12, 15; Res 2:9.
Seret: Pars imperiýasy.
Manna – Ysraýyllar Sinaý çölünde azaşyp ýörkäler, Hudaý tarapyndan asmandan ýagan iýmit.
Msr 16:31-35; Çöl 11:6f; Zeb 77:24; Ýoh 6:31-58.
Maskil – Zebur kitabynda bir aýdymyň görnüşi. Olar birnäçe maksatlar üçin ýazylypdyr: gudratly işleri üçin Hudaýy şöhratlandyrmak; halkyň betbagtçylygyna ýa-da şahsy gynanjyna ýas tutmak; şeýle hem alkyş aýtmak we ýalbarmak üçin.
Zeb 31; 41; 52; 89; 142.
Seret: Mezmur; Zebur.
Mejlis – Mukaddes Kitapda birnäçe mejlis agzalyp geçilýär. Olaryň ikisi iň möhümidir:
1. Hudaýyň mejlisi.
2. Ýahudylaryň mejlisi. Hudaýyň mejlisine perişdeler we gögüň başga ylahy barlyklary ýygnanýarlar. Ýahudylaryň mejlisine iň möhüm ýahudy adamlaryndan ýetmiş birisi degişli bolupdyr. Olaryň arasynda fariseýler we saddukeýler bolup, Baş ruhany mejlise baştutanlyk edipdir. Rimlileriň hökümdarlygy astynda mejlisiň raýat we jenaýat işlerine garamaga ygtyýary bolupdyr, ýöne hiç kimi höküm etmäge hukugy bolmandyr.
Eýp 15:8; Zeb 81:1; 88:6: Mar 14:53-65; Res 4:1-22.
Merýem – Täze Ähtde Merýem atly birnäçe aýal bar:
1. Isanyň ejesi Merýem.
2. Magdalaly Merýem. Isa Magdalaly Merýemden ýedi sany erbet ruhy çykardy we Merýem Isanyň yzyna eýerijileriň biri boldy (Mat 27:55-56; Mar 16:9; Luk 8:2; Ýoh 20:1-2; 11-18 we beýleki bölekler).
3. Beýtaniýadaky Merýem. Ol Marta bilen Lazaryň doganydy. Ol Isanyň aýagujunda oturyp, Onuň öwütlerini diňledi (Luk 10:38-42; Ýoh 11:1-5; 12:1-7).
4. Ýakup bilen Ýusubyň ejesi Merýem. Bu Merýem Kleopasyň aýaly Merýem bolmagy ahmal, ýöne bu anyk däl (Mat 27:56; Mar 15:40; 16:1; Luk 24:10).
5. Ýohannanyň (oňa Mark hem diýipdirler) ejesi Merýem. Bu Merýemiň Iýerusalimde öýi bolupdyr we Isa şägirtleri bilen ol ýerde duşuşypdyr (Res 12:12).
Mesh ýagy – kimdir biriniň Rebbe bagyş edilendiginiň ýa-da mukaddes edilendiginiň nyşany hökmünde onuň depesine ýag guýlupdyr ýa-da sepilipdir.
Msr 25:6.
Seret: Ýag guýmak, Mesih. 1628-nji sahypadaky surata seret.
Mesih – bu at «depesinden ýag guýlan adamy» aňladypdyr. Köne Ähtde kimdir biriniň depesinden ýag guýmak onuň ruhany ýa-da patyşa hökmünde Hudaý tarapyndan aýratyn saýlanandygynyň nyşany bolupdyr. Mesih diýen at ýahudylar tarapyndan ulanylyp başlanypdyr we olar muny Hudaýyň olara ibermegi wada beren Patyşasynyň ady üçin ulanypdyrlar. Bu Patyşa hemişelik höküm sürmelidi we Ysraýyly duşmanlaryndan halas etmelidi. Isa ynanýanlar we Oňa eýerýänler Isanyň Mesihdigine, Onuň ähli adamlary halas edip, Hudaýyň Şalygyny berkarar etmek üçin Hudaý tarapyndan saýlanyp iberilendigine ynanýarlar. Grekçe Mesih sözi «Hristos» diýmekdir.
Mat 1:1; Mar 8: 27-29; Luk 2:11; Ýoh 20:31; Res 18:28.
Seret: Hudaýyň ogly; Ýag guýmak.
Mesopotamiýa – gadymy döwürde Ýewfrat derýasynyň günbataryndan Tigris derýasynyň gündogaryna çenli bolan aralyk Mesopotamiýa diýlip atlandyrylypdyr. Babyllylar we assyriýalylar bilen birlikde köp gadymy medeniýetler bu ýerde başlanypdyr.
Gçk 24:10; 25:20; Res 2:9; 7:2.
Meýletin sadaka – bu dürli sebäpler üçin Hudaýa getirilen dürli görnüşli sadakalar bolupdyr. Meselem, adamlar meýletin ýag, ýakymly ysly tütetgi, geýim-gejim, agaç, kümüş we Mukaddes çadyryň gurluşygy üçin beýleki zatlary getiripdirler (Msr 35:20-29). Emma şahsy sebäpler üçin gurbanlyk ýa-da sadaka islendik görnüşde meýletin beripdirler.
Msr 35:29; 36:3; Lew 7:16.
Mezmur – Zebur kitabynda aýdymyň bir görnüşi. Birnäçe maksatlar üçin: Hudaýy şöhratlandyrmak üçin, halkyň betbagtçylygyna ýa-da şahsy ejir çekmelerine ýas tutmak üçin, patyşany bellemek, Hudaýa minnetdarlyk bildirmek, ybadathana barýarkaň şatlanyp aýdym aýtmak; Hudaýa ýalbaryp doga-dileg etmek üçin ýazylan aýdymlardyr. Bu aýdymlar Zebur kitabynda toplanandyr. Isanyň yzyna eýerýänler bir ýere üýşenlerinde, mezmur aýdypdyrlar.
Zeb 5:1; 18:1; Efe 5:19; Kol 3:16.
Seret: Zebur.
Mäliksadyk – Iýerusalimiň gadymy patyşasy we ruhanysy. Onuň ady «dogrulyk patyşasy» diýmegi aňladýar. Köne Ähtde Mäliksadyk Ybraýym pygambere duşýar we oňa pata berýär (Gçk 14:17-20). 109-njy mezmurda Mäliksadyk «müdimilik ruhany» diýlip atlandyrylýar we Ýewreýlere hat kitabynyň 5‑nji babynyň 6-njy aýadynda Isa «Mäliksadyk derejesindäki» ruhany hökmünde tanyşdyrylýar. Isa Hudaýyň sagynda oturýan müdimilik Baş Ruhanydyr we Ol mesihiler üçin töwella edýär.
Midýanlar – Ybraýym pygamberiň ogly Midýanyň nesilleri (Gçk 25:1, 2). Musa ömrüni Midýan ýurdunda geçiripdir, Midýan Sinaý ýarym adasynyň bir bölegi bolmagy ahmal. Serdarlar döwründe midýanlar ysraýyllaryň esasy duşmany bolupdyr. «Midýanlar» we «Ysmaýyllar» diýen sözler käte çalşyrylyp ulanylypdyr (Gçk 37:25-29).
Gçk 25:1, 2; 37:25-29.
Seret: Ysmaýyl pygamber.
Mikaýyl – her milletiň özüniň serdar perişdesi bolupdyr diýen pikir bar, olaryň hereketleri öz milleti bilen bagly bolupdyr. Bu barada ilkinji gezek Danyýel pygamberiň kitabynda pars we grek serdarlarynyň perişdesi, şeýle hem Ysraýylyň serdary Mikaýyl perişde barada aýdylýar.
Dan 10:13, 20; 12:1.
Miktam – Zebur kitabynda gabat gelýän aýdymyň görnüşi.
Zeb 15:1.
Milletler – Mukaddes Kitapda bu adatça ýahudy däl milletleri aňladypdyr. Ysraýyl halky Hudaý tarapyndan Onuň halky bolmak üçin saýlanypdyr, emma Hudaý ähli milletleriň halklarynyň halas bolmagyny we olaryň hem Öz halky bolmagyny isläpdir.
Lew 26:12; Efe 2:11-13.
Millo – toprak bilen doldurylan jaýryk ýa-da boşluk ýer. Käte bu söz galanyň diwaryna çykmak üçin gurlan ýapgydy aňladypdyr.
2Şam 5:9.
Miras – tutuş Kengan ýurdy Hudaý tarapyndan ysraýyllara müdimilik miras hökmünde söz berlipdir. Ýeşuwanyň döwründe ýer bije boýunça Ysraýylyň on iki tiresine paýlanyp berlipdir, şeýlelikde, her tiräniň öz ýeri bolupdyr we miras hökmünde nesilden nesle geçipdir. Muňa garamazdan, ysraýyl halky Hudaýyň Öz «mirasy» hökmünde suratlandyrylypdyr. Ine, şonuň üçin Hudaý bilen ysraýyl halkynyň arasyndaky ähte görä, Ol diňe olaryň Hudaýy bolupdyr, olar bolsa Onuň halky bolupdyr. Kim Isa ynanýan bolsa, onuň mirasy Hudaýyň Şalygydyr we baky ýaşaýyşdyr.
Msr 32:13; Ýeş 13:6-8; Zeb 33:12; Ýak 2:5.
Molek – ammonlaryň esasy hudaýy. Adamlar käte öz çagalaryny Molek hudaýyna gurbanlyk bermek bilen oňa sežde edipdirler. Hudaýyň kanuny bu adaty örän ýazgarsa-da, bir gezek hatda ysraýyl halky-da Iýerusalimiň golaýyndaky Hinnom jülgesinde ogul-gyzlaryny Molek hudaýyna hödür etdi.
Lew 18:21; 20:2-5; 1Pat 11:7; Ýer 32:35.
Mowaplar – Ybraýym pygamberiň ýegeni Lutuň nesilleri. Olar Öli deňziň gündogaryndaky Mowap ýurdunda ýaşapdyrlar. Mowaplar özleriniň esasy hudaýy hökmünde Kemoşa sežde edipdirler. Olaryň gepleşik dili ýewreý diline degişli bolupdyr. Olar Ysraýylyň duşmany bolupdyrlar we köplenç Ysraýylyň pygamberleri tarapyndan paş edilipdirler. Muňa garamazdan, Rut ak ýürekli mowaply aýal bolupdyr. Babyllylar mowaplary derbi-dagyn edipdirler.
Işa 15-16; Ýer 49; Zep 2:8-11.
Mukaddes – Töwratda «mukaddes» adaty maksatlar üçin däl-de, Hudaýyň maksatlary üçin aýry goýlan diýmegi aňladýar. Bu ruhanylara ýa-da ysraýyl halkyna, ýa-da Mukaddes çadyr we gurbanlyk sypasy ýaly zatlara degişlidir. Mukaddes edilen adamlar ýa-da zatlar päk saklanylmalydy. Mukaddes Kitapda mukaddes adamlaryň päkligine olaryň ahlak häsiýetleri hem degişli bolupdyr: «Özüňizi çagyran Hudaýyň mukaddes bolşy ýaly, siz hem ähli edýän işleriňizde mukaddes boluň» (1Pet 1:15).
Msr 3:5; 16:23; 19:6; 25:8; Işa 6:3.
Mukaddes çadyr – Mukaddes çadyr Äht sypasyny we ybadat üçin beýleki enjamlary ýerleşdirmek üçin gurlan çadyrdyr. Tutuş gurluşa Mukaddes çadyr diýlipdir (1622‑nji we 1628‑nji sahypadaky suratlara seret). Mukaddes çadyryň içinde iki otag bolupdyr: mukaddes otag we iň mukaddes otag. Çadyr geçiniň ýüňünden edilendi we onuň diwarynyň iç tarapy owadan tutular bilen örtülendi. Onuň töweregi haýat bilen gurşalyp, daşyna haýat aýlanypdyr. Mukaddes çadyr bilen onuň howlusyna Hudaýyň mukaddes öýi diýlipdir. Ysraýyllar çarwa adamlar bolupdyrlar, şonuň üçin olar göçenlerinde, çadyry söküp alyp, öz ýanlary bilen äkidipdirler. Mukaddes çadyr Rebbe ýüz tutulýan çadyr hökmünde hem belli bolupdyr. Howluda Hudaýa sadakalar we gurbanlyklar hödür etmek üçin gurbanlyk sypasy, şeýle hem ruhanylar ýuwnar ýaly suwdan doly bürünç legen durupdyr. Öňki döwürdäki göçme mukaddes çadyr Süleýmanyň döwründe daşdan we agaçdan salnan ybadathana bilen çalşyrylypdyr.
Msr 26:1-35
Seret: Iň mukaddes otag; Mukaddes çadyr; Mukaddes öý; Rebbe ýüz tutulýan çadyr; Ybadathana. 1622-nji sahypadaky surata seret.
Mukaddes çörek
Seret: Hödür çöregi.
Mukaddes dag – Iýerusalimdäki dag, ol ýerde ybadathana gurlupdyr we sežde edilipdir (adatça Sion dagy bilen meşhur bolupdyr).
Seret: Iýerusalim; Sion.
Zeb 2:6; 14:1; 98:9; Işa 27:13; Ýol 2:1-2.
Mukaddes otag – Mukaddes çadyrdaky otag, ol ýerde ruhanylar Hudaýyň huzurynda öz hyzmatlaryny ýerine ýetiripdirler. Mukaddes otagyň içinde ýakymly ysly gurbanlyk sypasy, çyradan, üstünde hödür çörekleri bolan hantagta bardy. Bu otag Iň mukaddes otagdan tuty arkaly bölünipdir. Süleýman çadyry ybadathana bilen çalşanda, bu otag daşky otag ady bilen, Iň mukaddes otag bolsa, içki otag ady bilen belli bolupdyr.
Msr 26:30-34; 1Pat 6:14-18
Seret: Iň mukaddes otag; Mukaddes çadyr; Mukaddes öý; Ybadathana.
Mukaddes öý – bu at Mukaddes çadyra we onuň haýadyna, soňrak bolsa ybadathana degişlidir. Ol ýerde ruhanylar Hudaýyň huzurynda öz hyzmatlaryny ýerine ýetiripdirler.
Msr 25:8; 36:1; Lew 19:30; 1ÝÝ 22:19; Zeb 23:3.
Mukaddes Ruh – Hudaýyň Ruhy bolup, Ol dünýäde gudrat arkaly hereket edýär. Köne Ähtde Hudaýyň Ruhy adamlara inip, olar pygamberlik edipdirler. Täze Ähtde Isa ynanýanlaryň hemmesi Mukaddes Ruhy kabul edýärler.
Eýp 33:4; 1Şam 19:20; Rim 8:15.
Seret: Ruh.
Murdar – gadymy Ysraýylda eger adam dini taýdan tämiz bolmasa, ol murdar hasaplanypdyr. Lewiler we Çölde kitaplarynda nähili adamyň murdar hasaplanýandygy beýan edilendir. Ysraýyllar Mukaddes öýde borçlaryny ýerine ýetirmäge başlanlarynda, Hudaý olara bu ýeri murdar etmezligi buýurdy. Isa adamy hakykatdan nämäniň murdar edýändigini, ýagny ýürekden çykýan erbet pikirleriň we hereketleriň murdar edýändigini öwredýär.
Lew 15:31; Ezk 5:11; Mat 15:11.
Seret: Tämiz.
Musa pygamber – Ysraýyllar Müsürde gulçulykda bolanlarynda, Musa pygamber olara baş bolmak üçin Hudaý tarapyndan çagyrylan adam. Ol Müsür patyşasyndan ysraýyllaryň gidip, çölde Rebbe ybadat etmekleri üçin rugsat bermegini soraýar. Ýöne faraon munuň bilen Reb diňe Müsür topragyna birtopar betbagtçylyklar inderenden soň ylalaşýar. Musa halka ençeme ýyllap çölde ýolbaşçylyk edýär, emma söz berlen Kengan ýurduny diňe uzakdan görüp bilýär. Mukaddes Kitabyň ilkinji bäş kitaby Töwrat hökmünde belli bolup, esasan, Musa tarapyndan ýazylandyr.
Mut laben – bu sözüň manysy barada alymlar jedelleşýärler. Onuň «Labeniň ölümi» diýen manyny aňladýan bolmagy mümkin we ol mezmuryň näme üçin ýazylandygynyň sebäbini görkezýär. Belki, ol mezmuryň nädip aýdym edip aýdylandygyny ýa-da nähili saz guralynda çalnandygyny görkezendir.
Zeb 9:1.
Mür – mür ösümligi gür tikenli we şahaly gyrymsy agaçdyr. Ýakymly ysly tütetgi onuň şahalaryndan alynýar we ol guranda gataýar. Ol örän gymmatbaha tütetgi bolup, atyr ýasamak üçin ýag bilen garylýar we jesedi jaýlamaga taýýarlamak üçin ulanylýar. Mürüň tagamy ajy bolupdyr. Bu agyryny ýeňilleşdirýär diýip hem ynanypdyrlar. Bu häsiýetleriň, belki, esgerleriň ony şeraba garyp, Isa berendikleri bilen bagly bolmagy hem ahmal (Mar 15:23).
Zeb 44:9; Sül 7:17; Nag 5:5.
Mürze – mürzäniň esasy käri resminamalaryň göçürmesini taýýarlamakdyr. Şeýle hem olar hatlary, kararlary we beýleki resminamalary ýazypdyrlar, olar paýhasly we düşünjeli hasaplanypdyr. Mürzeler ýazyp bilýändikleri üçin, käte maliýe ýazgylaryny hem saklapdyrlar. Mürzeler köplenç patyşa bilen ýakyndan işlänsoňlar, olaryň käbiri resminamalaryň göçürmesini ýerine ýetirmekligi we ýolbaşçy bolmaklygy gazanypdyr. Isanyň döwründe olar Töwrat mugallymlary hökmünde belli bir topary aňladypdyrlar.
2Pat 12:10; 25:9; Est 8:9; Ezr 7:6, 10, 11, 21; Ýer 8:8.