2‑nji bap
Isa dogulýar
(Matta 1:18-25)
1 Şol günlerde Rim imperatory Awgust tutuş imperiýada ilat ýazuwyny geçirmek barada perman çykardy. 2 Bu ilkinji ilat ýazuwy bolup, ol Kiriniusyň Siriýa hökümdarlyk eden döwründe geçirildi. 3 Ilat ýazuwyndan geçmek üçin, her kim öz şäherine gitdi.
4 Şeýlelikde, Ýusup hem Jeliledäki Nasyra şäherinden çykyp, Dawudyň Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherine gitdi, sebäbi ol Dawudyň urugyndan bolup, onuň nesline degişlidi. 5 Ýusup ýazylmak üçin ol ýere göwreli adaglysy Merýemi hem alyp gitdi. 6-7 Olar Beýtullahamdakalar, Merýemiň aýy-güni dolup, nowbahar ogluny dogurdy. Merýem Ony gundaga dolady-da, bir ahyrda ýatyrdy, sebäbi olar myhmanhanadan ýer tapmandylar.
Çopanlar we perişdeler
8 Şol gije Beýtullahamyň golaýynda käbir çopanlar sürülerini goraýardylar. 9 Birdenkä olaryň öňünde Rebbiň bir perişdesi peýda boldy we Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. 10 Perişde olara: «Gorkmaň! Men size ähli halky begendirjek şatlykly Hoş Habary yglan edýärin: 11 Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir. 12 Ine, bu size bir alamat bolar: siz gundaga dolangy, ahyrda ýatan bir Çagany taparsyňyz» diýdi. 13 Birdenkä perişde bilen birlikde gögüň san-sajaksyz goşuny göründi. Olar Hudaýy öwüp şöhratlandyrdylar:
14 «Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun!
Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!*» diýýärdiler.
15 Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp, göge göterilenlerinde, çopanlar biri-birlerine: «Ýörüň, Beýtullahama gideliň. Rebbiň bize aýan eden bu wakasyny göreliň» diýişdiler.
16 Şeýlelikde, olar gyssanmaç gidip, Merýemi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar. 17 Olar Isany görenlerinde, bu çaga hakda eşidenlerini olara gürrüň berdiler. 18 Çopanlaryň gürrüňlerini eşidenleriň bary haýran galdy. 19 Merýem bolsa bu zatlaryň bary hakda çuňňur pikire batyp, olary ýüreginde saklaýardy. 20 Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolandygy üçin, Hudaýy şöhratlandyrdylar, öwgüler aýdyp, yzlaryna dolandylar.
Şimgon we Hanna Isa hakda pygamberlik edýärler
21 Sekizinji gün çagany sünnetlemeli bolanda, Onuň adyna Isa dakdylar. Bu Onuň enesiniň göwresinde galmazdan öň, perişdäniň Oňa beren adydy. 22 Musanyň kanuny boýunça geçirilýän tämizleniş däp-dessurlaryň berjaý edilmeli döwri ýetip gelende, Ýusup bilen Merýem Iýerusalime gitdiler. Olar Isany Rebbe bagyş etmek üçin, Ony hem ýanlaryna aldylar. 23 ‡Kanunda: «Ilkinji doglan her bir erkek göbekli Rebbe bagyş edilmeli» diýip ýazylandyr. 24 ‡Olar Kanunda ýazylyşy ýaly, iki gumryny ýa-da kepderini hem gurbanlyk hökmünde hödür etmelidiler.
25 Şol wagt Iýerusalimde Şimgon atly bir dogruçyl we takwa adam ýaşaýardy. Ol ysraýyl halkynyň azat edilmegine garaşýardy, Mukaddes Ruh onuň üstündedi. 26 Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýan bolupdy. 27 Simun Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagy bilen ybadathananyň howlusyna geldi. Isanyň ene-atasy Töwratda ýazylan adaty berjaý etmek üçin, Çagany içeri salanlarynda, 28 Simun Ony gujagyna alyp, Hudaýa alkyş okap, şeýle diýdi: 29 «Ýa Reb, Öz beren sözüňe görä, indi guluň arkaýyn amanadyny tabşyryp biler. 30-31 Ine, Seniň ähli halklaryň öňünde taýýarlan Halasgäriňi gözüm bilen gördüm. 32 Keseki milletlere aýanlyk berjek, halkyň ysraýyly şöhratlandyrjak nury gördüm».
33 Çaga barada aýdylýan sözlere onuň ene-atasy haýran galdy. 34 Şimgon olara ak pata berip, enesi Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa ýalkanar. 35 Şonda ençeme ýürekleriň syrly pikirleri aýan bolar. Seniň kalbyňa hem hasrat ýiti gylyç kimin sanjylar» diýdi.
36-37 Ol ýerde segsen dört ýyldan bäri dul ýaşaýan Hanna atly garry pygamber aýal hem bardy. Ol aşer tiresinden Panuýeliň gyzydy. Ol durmuşa çykandan soňra äri bilen ýedi ýyl ýaşaşyp, dul galypdy. Bu aýal hemişe ybadathananyň howlusynda bolup, agyz bekläp, doga okap, gije-gündiz Hudaýa ybadat edýärdi. 38 Hanna hem edil şol pursat gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň halas bolmagyna garaşýanlaryň baryna bu Çaga hakda gürrüň berdi. 39 Ýusup bilen Merýem Musanyň kanuny boýunça ähli zady berjaý edenlerinden soňra, Jelilä, özleriniň Nasyra şäherine dolandylar. 40 Çaga ulalyp, güýçde we akyldarlykda ösýärdi. Hudaýyň merhemeti Onuň üstündedi.
Isa din mugallymlary bilen
41 Isanyň ene-atasy her ýyl Pesah baýramynda Iýerusalime gidýärdiler. 42 Isa on iki ýaşyna ýetende, olar baýramçylyk adaty boýunça ýene Iýerusalime gitdiler. 43 Baýramçylyk gutarandan soň, olar öýlerine dolandylar. Ýetginjek Isa bolsa Iýerusalimde galdy, emma Onuň ene-atasynyň mundan habary ýokdy. 44 Olar Ony ýolagçylaryň arasyndadyr öýdüp, bir günlük ýoly geçdiler. Onsoň Ony dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň arasyndan gözläp başladylar. 45 Ony gözläp tapmansoňlar, yzlaryna Iýerusalime dolandylar. 46 Üç günden soň, Ony ybadathananyň howlusyndan tapdylar. Ol din mugallymlarynyň arasynda oturyp, olary diňläp, soraglar berýärdi. 47 Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar. 48 Ene-atasy Ony görenlerinde geň galdylar. Ejesi Oňa: «Oglum! Näme üçin beýtdiň? Kakaň ikimiz gaty gaýgy edip, Seni gözledik» diýdi. 49 Isa olara: «Meni näme üçin gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärdiňizmi?» diýdi. 50 Emma olar Onuň näme diýjek bolýandygyna düşünmediler. 51 Onsoň Isa ene-atasy bilen Nasyra gaýtdy, olaryň sözüne gulak asdy. Emma Onuň ejesi bu gürrüňleriň ählisini ýüreginde saklaýardy. 52 Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy.