3‑nji bap
Ýahýa çümdürijiniň wagzy
(Matta 3:1-12; Mark 1:1-8; Ýohanna 1:19-28)
1 Rim imperatory Tibereýiň hökümdarlygynyň on bäşinji ýylynda, Pontiý Pilat Ýahudyýanyň häkimi döwründe Hirod – Jeliläni, onuň dogany Filip – Itureýa bilen Trahonitis welaýatyny, Lisaniýas-da Abilini dolandyrýardy. 2 Hanan bilen Kaýafa hem baş ruhanydy. Şonda Zekarýanyň ogly Ýahýa Hudaýyň sözi aýan boldy. Ol çölde ýaşaýardy. 3 Ýahýa Iordan derýasynyň töweregindäki ähli ýerlere aýlanyp, adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi. 4 ‡Işaýa pygamber bu barada öz kitabynda şeýle ýazypdy:
«Çölde bir ses gygyrýar:
„Rebbe ýol taýynlaň!
Onuň ýodalaryny düzläň!
5 Ähli dereler doldurylar,
ähli dag-depeler peseldiler,
egrem-bugram ýollar dogrulanar,
büdür-südür ýodalar tekizlener.
6 Şonda ähli ynsanlar Hudaýyň halas edişini görerler“».
7 Bir uly mähelle suwa çümdürilmek üçin, Ýahýanyň ýanyna geldi. Ýahýa olara şeýle ýüzlendi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi? 8 Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň. Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip aýtmagy hyýalyňyza hem getirmäň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir. 9 Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar».
10 Halk ondan: «Eýsem, biz näme etmeli?» diýip sorady. 11 Ol: «Iki köýnekli birini köýneksize bersin. Iýmiti bolan hem şonuň ýaly etsin» diýip jogap berdi. 12 Salgytçylar-da çümdürilmek üçin onuň ýanyna gelip: «Mugallym, biz näme etmeli?» diýip soradylar. 13 Ýahýa olara: «Özüňize buýrulandan artyk almaň» diýdi. 14 Onsoň esgerler-de: «Biz näme etmeli?» diýip soradylar. Olara: «Hiç kimden zorluk bilen pul almaň, nähak ýere töhmet atmaň, öz hakyňyza kaýyl boluň» diýdi.
15 Halk Mesihe umyt bilen garaşýardy we hemmeler Ýahýa hakda ýüreklerinde: «Ýahýa şol Mesih bolaýmasyn?» diýip oýlanýardy. 16 Ýahýa olara: «Men sizi suwa çümdürýärin, emma menden has güýçli Biri geler, men hatda Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer. 17 Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy ammaryna üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar» diýdi. 18 Ol başga-da köp öwüt-ündew edip, halka Hoş Habary wagyz edýärdi.
19 Emma baş häkim Hirod öz doganynyň aýaly Hirodiýa öýleneni üçin we başga-da köp erbet işleri edeni üçin, Ýahýanyň käýinjine sezewar boldy. 20 Ol Ýahýany zyndana salmak bilen öňki eden ähli pislikleriniň üstüne ýene bir pislik goşdy.
Isa suwa çümdürilýär
(Matta 3:13-17; Mark 1:9-11)
21 Ähli halk suwa çümdürilip çykarylandan soň, Isa-da çümdürilip çykaryldy. Ol Hudaýa doga edýärkä, gökler açylyp, 22 Mukaddes Ruh kepderi görnüşde Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň. Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.
Isanyň nesil daragty
(Matta 1:1-17)
23 Isa Öz hyzmatyna başlan wagty otuz ýaşlaryndady. Ol Ýusubyň ogly hasaplanýardy. Ýusup Eliýiň ogly, 24 Eliý Mattadyň, Mattat Lewiniň, Lewi Melkiniň, Melki Ýannaýyň, Ýannaý Ýusubyň, 25 Ýusup Mattatýanyň, Mattatýa Amosyň, Amos Nahumyň, Nahum Esliniň, Esli Nagaýyň, 26 Nagaý Mahadyň, Mahat Mattatýanyň, Mattatýa Şimiýiň, Şimiý Ýosehiň, Ýoseh Ýodanyň, 27 Ýoda Ýohananyň, Ýohanan Resanyň, Resa Zerubabylyň, Zerubabyl Şeýaltyýeliň, Şeýaltyýel Neriniň, 28 Neri Melkiniň, Melki Addynyň, Addy Kosamyň, Kosam Elmadamyň, Elmadam Eriň, 29 Er Ýeşuwanyň, Ýeşuwa Eligezeriň, Eligezer Ýorymyň, Ýorym Mattatyň, Mattat Lewiniň, 30 Lewi Şimgonyň, Şimgon Ýahudanyň, Ýahuda Ýusubyň, Ýusup Ýonamyň, Ýonam Elýakymyň, 31 Elýakym Meleýanyň, Meleýa Mennanyň, Menna Mattatanyň, Mattata Natanyň, Natan Dawudyň, 32 Dawut Ýyşaýyň, Ýyşaý Obediň, Obet Bowazyň, Bowaz Salanyň*, Sala Nahşonyň, 33 Nahşon Eminadabyň, Eminadap Admynyň, Admyn Arnynyň, Arny Hesronyň, Hesron Peresiň, Peres Ýahudanyň, 34 Ýahudyýa Ýakubyň, Ýakup Yshagyň, Yshak Ybraýymyň, Ybraýym Teranyň, Tera Nahoryň, 35 Nahor Serugyň, Seruk Reguwyň, Reguw Pelegiň, Pelek Eberiň, Eber Şelanyň, 36 Şela Keýnanyň, Keýnan Arpakşadyň, Arpakşat Samyň, Sam Nuhuň, Nuh Lemegiň, 37 Lemek Metuşelanyň, Metuşela Hanogyň, Hanok Ýerediň, Ýeret Mahalaleliň, Mahalalel Keýnanyň, 38 Keýnan Enoşyň, Enoş Şisiň, Şis Adamyň ogludy, Adam bolsa Hudaýyň ogludy.