Markyň hoş habary
Giriş
Bu kitap Isanyň döwründe ýaşan Mark atly adam tarapyndan ýazyldy. Ol Isa Mesihiň resuly Pawlus bilen täze ýygnaklaryň düýbüni tutmakda (Res 13‑nji bap), resul Petrus bilen Hoş Habary ýaýmakda (1Pet 5:13) arman-ýadaman zähmet çekenleriň biridir.
Mark Isanyň durmuşyny, eden işlerini we wagyzlaryny ilkinji bolup ýazga geçiren adam diýen pikir Mukaddes Ýazgylary öwrenýän alymlaryň arasynda örän ýörgünlidir. Olaryň çaklamalaryna görä, Mark bu kitaby Rim şäherinde tussaglykda saklanan Pawlusa kömek beren döwründe, ýagny b. e. 55 – 65‑nji ýyllary ýazypdyr. Kitapda arameý diliniň sözlerine, ýahudy halkynyň däp-dessurlaryna düşündiriş berilýär. Şeýle düşündirişler bu kitabyň ýahudy däl halklar üçin ýazylandygyny aýdyň görkezýär. Mark ony Rimdäki ýygnak üçin ýazypdyr, sebäbi şol döwürde ýygnagyň agzalary ýahudy we ýahudy däl halklaryň wekillerinden ybaratdy.
Markyň esasy maksady Isanyň Mesihdigini, ýagny Hudaýyň pygamberler arkaly wada berlen Patyşadygyny mälim etmekden ybaratdy. Ol öz kitabynda Isany ilkibaşdan Mesih, ýagny Hudaýyň Ogly diýip atlandyrýar. Mark Isanyň il içinde görkezen gudratlary, adamlary haýrana galdyran mugjyzalary barada şaýat hökmünde ýazýar. Mark şeýle gudratlaryň we mugjyzalaryň Hudaýyň güýji arkaly amala aşýandygyny nygtap, adamlaryň kem-kemden Isanyň kimdigine düşünişlerini görkezýär. Isa Öz şägirtlerinden: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip soranda, Petrus «Sen Mesihsiň» diýip jogap berýär (Mar 8:29).
Şeýle-de Mark Mesih bolmagyň diňe ygtyýarlylyk däl, eýsem hyzmat we özüňi gurban etmeklikdigini hem görkezýär. Ol Isa Mesihiň ýönekeý adamlary söýüp, olara hyzmat edişini, olaryň ugrunda Özüni gurban etmäge-de taýyndygyny beýan edýär. Isa Mesih şeýle diýýär: «Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» (Mar 10:45). Isa Özüni Ynsan Ogly diýip atlandyrýardy.
Mark Isa Mesihe iman edip, Onuň güýjüne ynanan islendik adamyň keselden gutulýandygyna, jynlardan azat bolýandygyna we ebedi ýaşaýşa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Ýöne ol Isa Mesihe eýermegiň aňsat däldigini hem aýdýar. Isanyň hakyky şägirtleri öz Halypalary ýaly adamlara hyzmat etmeli, ejir çekmäge we Ol kimin özüni gurban etmäge-de taýyn bolmaly.
Mazmuny
Ýahýa pygamberiň wagzy1:1-8
Isa çümdürilýär we synalýar1:9-13
Isa Jelilä gelýär1:14–9:50
Isa Jelileden Iýerusalime gidýär10:1-52
Isanyň haçdaky jebirleri we ölümi11:1–15:47
Isa direlýär16:1-8
Isa Öz şägirtlerine görünýär16:9-20