13‑nji bap
1 Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy. 2 Bular Rebbe ybadat edip, agyz bekleýärkäler, Mukaddes Ruh: «Barnap bilen Şawuly Maňa bagyş ediň, goý, olar Meniň tabşyran işimi berjaý etsinler» diýdi. 3 Şeýlelikde, olar agyz bekläp, doga-dileg etdiler we ellerini olaryň üstüne goýup, Barnap bilen Şawuly ýola saldylar.
Şawul bilen Barnap Kipr adasynda
4 Mukaddes Ruh tarapyndan ýollanan Barnap bilen Şawul Selukiýa geldiler. Ol ýerden hem gämili Kipr adasyna gitdiler. 5 Onsoň Salamise gelip, ýahudylaryň sinagogalarynda Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etdiler. Ýohanna hem olaryň ýanynda bolup, kömek berýärdi. 6 Olar bütin adany aýlanyp, Pafosa geldiler. Ol ýerde Barýeşa atly bir ýahuda duş geldiler. Ol jadygöý we galp pygamberdi. 7 Barýeşa şol ýeriň häkimi Sergiý Pawul bilen gatnaşýardy. Sergiý Pawul akylly adamdy. Ol Barnap bilen Şawuly çagyrdyp, olardan Hudaýyň Hoş Habaryny eşitmek isledi. 8 Emma Barýeşa Barnap bilen Şawula garşy çykdy. Barýeşanyň beýleki ady Eýlim bolup, bu jadygöý diýmegi aňladýar. Ol häkimi iman etmekden ýüz öwürtmäge synanyşdy. 9 Şonda Mukaddes Ruhdan dolan Şawul, ýagny Pawlus jadygöýüň gözlerine seredip: 10 «Eý, iblis ogly! Sen ähli dogrulygyň duşmanysyň. Seniň ýüregiň her dürli hileden we galplykdan doly. Rebbiň hak ýoluny ýoýmagyňy haçan bes etjek? 11 Indi, seret, Rebbiň eli saňa garşydyr, sen kör bolarsyň, belli bir wagta çenli gün şöhlesini görmersiň» diýdi.
Şol pursadyň özünde onuň gözüni duman örtüp, garaňkylyk gaplady. Ol özüni itdirjek bolup, töweregini sermeläp, adam gözläp başlady. 12 Häkim ýüze çykan wakany görüp, iman etdi, sebäbi ol Reb Isa hakyndaky taglymata haýran galdy.
Pawlus ýoldaşlary bilen Pisidýadaky Antiýoh şäherinde
13 Pawlus we onuň ýoldaşlary Pafosdan gämä münüp, Pamfiliýadaky Perga şäherine geldiler. Şol ýerde Ýohanna olardan aýrylyp, Iýerusalime dolandy. 14 Olar bolsa Pergadan ýollaryny dowam etdirip, Pisidýadaky Antiýoh şäherine geldiler. Sabat güni sinagoga gelip, ol ýerde oturdylar. 15 Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan okalandan soň, sinagoganyň baştutanlary: «Doganlar, halka näme öwüt-nesihatyňyz bar bolsa aýdyň, baş üstüne!» diýip, olary çagyrtdylar. 16 Şeýlelikde, Pawlus ýerinden turup, olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Soňra ol söze başlady: «Eý, ysraýyllylar we Hudaýa sežde edýän keseki halklar, maňa gulak asyň! 17 Ine, ysraýyl halkynyň Hudaýy biziň ata-babalarymyzy saýlady. Olar Müsürde ýaşan döwründe Hudaý olardan beýik bir halk ýaratdy. Soňra beýik gudraty bilen olary Müsürden alyp çykdy. 18 Kyrk ýylyň dowamynda Hudaý olaryň çöldäki etmişlerine çydady. 19 Kengan ýurdunda ýaşaýan ýedi milleti gyryp, ýurtlaryny olara miras berdi. 20 Bularyň hemmesi, takmynan, dört ýüz elli ýyl dowam etdi. Mundan soň Hudaý olara Şamuwel pygamberiň döwrüne çenli serdarlar berdi. 21 Onsoň ysraýyl halky patyşa talap etdi. Hudaý olara Kişiň ogly Şawuly patyşa edip berdi. Benýamin tiresinden bolan Şawul kyrk ýyl höküm sürdi. 22 ‡Hudaý Şawuly tagtdan düşürenden soň bolsa, olara Dawudy patyşa etdi we ol hakda şaýatlyk edip: „Göwnümden turýan bir adamy, Ýyşaýyň ogly Dawudy tapdym. Ol Meniň ähli islegimi berjaý eder“ diýdi. 23 Şeýlelikde, Hudaý Öz beren wadasyna görä, Dawudyň neslinden Isany ysraýyl halkyna Halasgär edip iberdi. 24 Isa gelmezden öň bolsa Ýahýa bütin ysraýyl halkyna toba etmegi we suwa çümdürilmegi wagyz etdi. 25 Ýahýa özüne tabşyrylan işi tamamlamazdan öň: „Siz meni Mesih hasaplaýarsyňyzmy? Ýok, men Mesih däl. Ol menden soňra geler. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin“ diýdi. 26 Eý, doganlar, Ybraýymyň nesilleri! Eý, Rebbe sežde edýän keseki milletler! Halasgärimiz baradaky bu habar bize berildi. 27 Iýerusalimiň ilaty we olaryň ýolbaşçylary Isany tanaman, Ony ölüme höküm etdiler. Şeýdip, olar öňki pygamberleriň aýdanlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýdip, olar Sabat güni okalýan pygamberleriň sözleri boýunça hereket etdiler. 28 Ölüm jezasyna laýyk hiç bir sebäp tapmasalar-da, Pilatdan Onuň öldürilmegini talap etdiler. 29 Ol hakda ýazylanlaryň baryny berjaý edenlerinden soň bolsa, Ony haçdan düşürip, bir mazarda goýdular. 30 Emma Hudaý Ony ölümden direltdi. 31 Ençeme günläp Isa Özi bilen Jelileden Iýerusalime gelenlere göründi. Bu adamlar indi ysraýyl halkyna Ol hakda şaýatlyk edýärler. 32-33 ‡Biz häzir size Hoş Habary yglan edýäris: Hudaý Isany ölümden direldip, Öz perzentleri bolan biziň üçin ata-babalarymyza beren wadasyny berjaý etdi. Bu hakda ikinji mezmurda şeýle ýazylan:
„Sen Meniň Oglumsyň,
bu gün Men saňa Ata boldum“.
34 ‡Isanyň ölümden direlişi we asla çüýremezligi dogrusynda Hudaý şeýle diýdi: „Dawuda wada beren mukaddes ýalkanyşlarym bilen sizi ýalkaryn“. 35 ‡Başga bir mezmurda şeýle ýazylan: „Sen Sadygyňyň gabyrda çüýremegine ýol bermersiň“.
36 Dawut babatda aýtsak, ol öz wagtynda Hudaýyň maksady üçin hyzmat etdi. Ol dünýäden ötüp, ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy; onuň jesedi çüýräp gitdi. 37 Emma Hudaýyň Direldeni çüýremedi. 38-39 Şonuň üçin hem, eý, doganlar, şuny bilip goýuň: biz size günäleriň Isa arkaly bagyşlanýandygyny yglan edýäris. Isa iman eden her bir adam Ol arkaly aklanýar. Bu Musanyň kanuny boýunça mümkin däldi. 40 Indi habardar boluň, pygamberleriň bu aýdanlary başyňyza gelmesin:
41 ‡„Serediň, eý, masgaralaýjylar,
haýrana galyp, ýok boluň!
Siziň günleriňizde etjek işimi eşideniňizde,
gulagyňyza ynanmarsyňyz“».
42 Pawlus bilen Barnap ýahudylaryň sinagogasyndan çykyp barýarkalar, halk indiki Sabat güni-de bu zatlar dogrusynda gürrüň bermeklerini olardan haýyş etdi. 43 Sinagogadaky halk gidenden soň, ýahudylaryň we ýahudy dinini kabul edenleriň köpüsi Pawlus bilen Barnabyň yzyna düşdüler. Pawlus bilen Barnap olara hemişe Hudaýyň merhemeti bilen ýaşamaklaryny öwüt-nesihat etdiler. 44 Indiki Sabat güni bolsa Rebbiň Hoş Habaryny diňlemek üçin tutuş şäher diýen ýaly ýygnandy. 45 Şunça köp mähelläni görüp, ýahudylary göriplik gurşap aldy. Olar Pawlusyň aýdan zatlaryna garşy çykyp, oňa sögdüler. 46 Pawlus bilen Barnap hem batyrgaýlyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habary ilki size wagyz edilmelidi. Emma siz ony ret etdiňiz! Bu bolsa siziň baky ýaşaýşa mynasyp däldigiňizi subut edýär. Şonuň üçin biz keseki milletlere ýüzlenýäris. 47 ‡Çünki Reb bize şeýle buýruk berdi: „Ýeriň aňry çägine çenli halas etmek üçin, Seni milletlere nur etdim“».
48 Milletler muny eşidenlerinde şatlanyp, Rebbiň Hoş Habaryna uly hormat goýdular. Şeýlelikde, baky ýaşaýyş üçin saýlananlaryň hemmesi iman etdi.
49 Rebbiň Hoş Habary ýurduň hemme ýerine ýaýraýardy. 50 Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar. 51 Bu iki resul bolsa olara garşylyk hökmünde, aýaklarynyň tozuny kakyp, Ikoniýa şäherine gitdiler. 52 Antiýohdaky şägirtler bolsa şatlykdan we Mukaddes Ruhdan doldular.