12‑nji bap
Hirod patyşa resullary yzarlaýar
1 Şol wagtlar Hirod patyşa ýygnagyň käbir agzalaryny yzarlap, olara sütem etmäge başlady. 2 Ol Ýohannanyň dogany Ýakuby gylyç bilen öldürtdi. 3 Ol munuň ýahudylaryň göwnünden turandygyny görüp, soňra Petrusy-da tussag etdi. Bu waka Petir baýramy günlerinde bolup geçdi. 4 Hirod Petrusy tutup, zyndana salandan soň, her biri dört esgerden ybarat bolan dört topary oňa garawul goýdy. Ony baýramdan soňra halkyň öňüne çykaryp, höküm etmek niýeti bardy.
Petrus zyndandan çykýar
5 Şeýlelikde, Petrus zyndanda saklanýardy, emma ýygnak onuň üçin Hudaýa yhlas bilen doga edýärdi. 6 Hirodyň ony orta çykarjak gününiň öň ýanyndaky gije Petrus iki esgeriň arasynda goşa zynjyr bilen bagly ýatyrdy. Garawullar-da zyndanyň girelgesinde gapynyň agzynda sakçylyk edýärdiler. 7 Birdenkä Rebbiň perişdesi peýda bolup, zyndanyň içinde nur parlady. Perişde Petrusyň böwrüne dürtüp, ony oýardy-da: «Tiz bol, tur!» diýdi. Şobada Petrusyň zynjyrlary üzülip, elinden ýere gaçdy. 8 Perişde oňa: «Guşagyňy guşan-da, çaryklaryňy geý!» diýdi. Ol şeýle hem etdi. Perişde ýene-de: «Donuňy geý-de, meniň yzyma düş!» diýdi. 9 Petrus onuň yzyna düşüp, zyndandan daşary çykdy. Emma ol perişde arkaly bu bolýan zatlaryň hakykatdygyny bilmän, gözüne görünýändir öýdýärdi. 10 Olar birinji, ikinji garawullardan geçip, şähere çykýan demir derwezä ýetenlerinde, ol öz-özünden açyldy. Olar daşary çykyp, bir köçäniň boýy bilen ýörediler. Birdenkä perişde Petrusyň ýanyndan gaýyp boldy.
11 Şol wagt Petrus özüne gelip: «Indi, hakykatdanam, Rebbiň Öz perişdesini ýollap, meni Hirodyň elinden we ýahudy halkynyň başymdan inderjek bela-beterlerinden halas edendigine anyk göz ýetirdim» diýdi.
12 Petrus muňa akyl ýetirenden soň, Ýohannanyň ejesi Merýemiň öýüne gitdi. Ýohanna Mark hem diýýärdiler. Ol ýerde köp adam üýşüp, Hudaýa doga edýärdi. 13 Petrus howlynyň gapysyny kakanda, gapyny Roda atly bir hyzmatkär gyz açmaga geldi. 14 Ol Petrusyň sesini tanap, gapyny açmaga derek begenjinden ýaňa içeri ylgap, howlynyň gapysynda Petrusyň durandygyny habar berdi. 15 Olar oňa: «Sen akylyňdan azaşypsyň» diýdiler. Emma gyz öz diýenini tutup duransoň, olar: «Bu Petrusyň perişdesidir» öýtdüler. 16 Petrus bolsa yzyny üzmän gapyny kakýardy. Gapyny açanlarynda, ony görüp haýran galdylar. 17 Petrus olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan nähili azat edendigini olara gürrüň berdi. Soňra: «Muny Ýakuba* we beýleki doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.
18 Gün doganda, esgerleriň arasynda uly galmagal turdy. Olar biri-birinden: «Petrusa näme bolduka?» diýşip soraýardylar. 19 Hirod Petrusy agtardy. Emma ony tapmansoň, garawullary soraga çekip, olary öldürmegi buýurdy.
Hirod patyşanyň ölümi
Şondan soň Hirod Ýahudyýadan Kaýsariýa gidip, şol ýerde galdy. 20 Hirod Sur we Sidon halkyna gaty gazaplanýardy. Olar hem birleşip, Hirodyň ýanyna geldiler-de, patyşanyň baş hyzmatkäri Blastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler. Sebäbi olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy. 21 Ine, bellenen gün Hirod patyşalyk lybasyny geýip, tagtynda oturdy we halka ýüzlenip, söz sözledi. 22 Halk hem: «Bu ynsan sesi däl-de, bir hudaýyň sesidir!» diýip gygyryşdy. 23 Şobada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi jezalandyrdy, sebäbi ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýdip, onuň endam-jany gurtlap öldi.
24 Hudaýyň Hoş Habary bolsa barha ýaýbaňlanyp, imanlylaryň sany günsaýyn artýardy.
25 Barnap bilen Şawul hem özlerine tabşyrylan hyzmaty ýerine ýetirip, Iýerusalimden yzyna dolandylar. Olar özleri bilen bile Marky hem alyp gaýtdylar. Markyň beýleki ady Ýohannady.