Pawlusyň rimlilere haty
Giriş
Pawlusyň rimlilere haty Rim şäherindäki imanlylar ýygnagyna ýazylandyr. Bu ýygnagyň agzalarynyň arasynda diňe ýahudylar däl, eýsem beýleki milletleriň hem wekilleri bardy. Şu hatyň ýazylan döwründe Pawlus Rime gitmegi ýüregine düwüpdi. Ol bu haty Rimdäki imanlylary özi we wagyz edýän Hoş Habarynyň taglymaty bilen tanyşdyrmak üçin ýazýar. Resul Pawlus Isa Mesih baradaky Hoş Habary Ispaniýada hem wagyz etmek üçin Rimdäki imanlylaryň goldawyna mätäçdigini öz hatynda agzaýar.
Pawlus özüniň heniz tanamaýan adamlaryna hat ýazyp, olara Isa Mesih we iman baradaky taglymatyň asyl manysyny, Hudaýyň halas edişini düşündirýär. Hatyň esasy pikiri şeýle sözlemde jemlenendir: «Hoş Habar Hudaýyň adamlary aklaýandygyny aýan edýär. Ol iman edýänleri, hawa, diňe iman edýänleri aklaýar» (1:17).
Bulardan başga-da, Pawlus ýahudylar bilen beýleki milletleriň özara gatnaşyklary, mesihiler bilen häkimiýet ýolbaşçylarynyň (13:1-7) gatnaşyklary barada köp ýazýar. Resul Pawlus Isa Mesihe iman edýän adamyň durmuşynyň düýpgöter özgerýändigi barada ýazýar. Ol şeýle adamyň Mukaddes Ruhdan dolýandygyny, durmuşynyň mesihilik söýgüsinden ylhamlanýandygyny aýratyn nygtaýar.
Mazmuny
Salamlar we doga-dilegler1:1-17
Hudaýyň öňünde hemmeler günälidir1:18–3:20
Hudaý günälileri nädip aklaýar?3:21–4:25
Imanly durmuşda ýaşamak5:1–8:39
Hudaý ysraýyl halkyna tarap öwrülýär9:1–11:36
Mesihiň Bedenindäki durmuş12:1–15:13
Pawlusyň meýilleşdirýän saparlary we soňky salamlar15:14–16:27