28‑nji bap
Pawlus Maltada
1 Biz kenara sag-aman çykanymyzdan soň, bu adanyň adynyň Maltadygyny bildik. 2 Ýerli halk biziň bilen örän mylakatly boldy. Howa ýagyşly we sowuk bolansoň, olar ot ýakyp, hemmämizi oňat garşy aldylar. 3 Pawlus bir üýşmek odun çöpläp, oduň üstüne goýanda, bir zäherli ýylan oduň howrundan gaçyp, onuň eline ýapyşdy. 4 Ýerli halk onuň elinden ýylanyň sallanyp durşuny görende, biri-birine: «Bu adam ganhor bolsa gerek, ol deňizden halas bolsa-da, takdyry ony ýaşamaga goýmady» diýişdiler. 5 Emma Pawlus elini silkip, ýylany oduň içine zyňdy, hiç bir zyýan hem görmedi. 6 Adamlar onuň çişmegine ýa-da birdenkä ölüp ýykylmagyna garaşdylar. Emma köp garaşyp, oňa hiç zat bolmandygyny görenlerinde, pikirlerini üýtgedip: «Ol hudaýdyr!» diýişdiler.
7 Ol ýeriň golaýynda adanyň Publiý atly başlygynyň mülki bardy. Publiý bizi myhman alyp, üç günläp ýürekden hyzmat etdi. 8 Şol wagt onuň kakasyny ysytma we içagyry tutup ýatyrdy. Pawlus hassanyň ýanyna geldi we doga-dileg etdi-de, onuň üstüne elini goýup, şypa berdi. 9 Bu wakadan soň, adadaky beýleki hassalar-da gelip şypa tapdylar. 10 Olar bize köp sylag-hormat etdiler. Ýola ugramakçy bolanymyzda, bize zerur ähli zatlary getirip, gämä ýüklediler.
Pawlus Rime gelýär
11 Üç aýdan soň, biz Ekiz hudaýlar atly gämi bilen deňze çykdyk. Bu gämi Isgenderiýadan gelip, gyşda şol adada galypdy. 12 Biz Sirakus şäherine baryp, ol ýerde üç gün galdyk. 13 Ol ýerden aýlanyp, Regiýa gelip ýetdik. Ertesi gün günorta şemaly öwsüp başlady. Munuň kömegi bilen iki günde Puteýol şäherine ýetdik. 14 Ol ýerde birnäçe doganlary tapdyk. Olar bizden ýanlarynda galmagymyzy haýyş etdiler we biz ol ýerde iki hepde galdyk. Şondan soň biz Rime geldik. 15 Rimdäki doganlar biziň gelendigimizi eşidip, bizi garşylamak üçin ol ýerden Appiýus bazaryna we Üç kerwensaraý diýen oba çenli geldiler. Pawlus olary görende, Hudaýa şükür edip, ýene gaýrata galdy. 16 Biz Rime gelenimizden soň, Pawlusa bir esgeriň gözegçiligi astynda özbaşdak ýaşamaga rugsat berildi.
Pawlus Rimde wagyz edýär
17 Üç günden soň Pawlus ýahudylaryň ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olar bir ýere üýşende, Pawlus olara şeýle diýdi: «Eý, doganlar! Men halkymyza ýa-da ata-babalarymyzyň adatlaryna garşy hiç zat etmesem-de, Iýerusalimde tussag edilip, rimlileriň eline tabşyryldym. 18 Olar meni soraga çekenlerinden soň, boşatjak boldular, sebäbi meni öldürmäge hiç bir esas tapmadylar. 19 Emma ýahudylar garşy çykanlarynda, men dawamy imperatora arz etmäge mejbur boldum. Beýtmek bilen men öz halkymy aýyplamakçy däldirin. 20 Şu sebäpden men siziň bilen görşüp, söhbet etmek üçin, sizi bu ýere çagyrdym. Aslynda men Ysraýylyň umydy bolan Mesih ugrunda zynjyrlandym».
21 Olar Pawlusa şeýle diýdiler: «Biz sen hakda Ýahudyýadan hiç bir hat almadyk, ol ýerden gelen doganlarymyzdan hem hiç kim sen barada ýagşydan-ýamandan hiç zat habar bermedi. 22 Emma biziň seniň pikirleriňi özüňden eşidesimiz gelýär, sebäbi hemme ýerde bu dini topara garşy çykylýandygyny bilýäris».
23 Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi. 24 Käbirleri onuň sözlerine ynandy, käbiri ynanmady. 25 Olar biri-biri bilen özara ylalaşmadylar. Olar gitmekçi bolup durkalar, Pawlus şeýle diýdi: «Işaýa pygamber arkaly Mukaddes Ruh ata-babalaryňyza şu sözleri jaýdar aýdypdyr: 26 „Bar-da, bu halka şeýle diý:
Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmersiňiz,
seredip dursaňyz-da, hiç aňlamarsyňyz.
27 Bu halkyň ýüregi küteldi,
gulaklary ker açdy,
gözleri gapyldy.
Ýogsam gözleri bilen görüp,
gulaklary bilen eşiderdiler,
aňlary bilen aňlap,
Maňa tarap dolanardylar,
Men hem olara şypa bererdim“.
28 Şonuň üçin indi şuny bilip goýuň: Hudaýyň halas bolmak baradaky Hoş Habary ýahudy dällere iberildi. Olar gulak asarlar».*
30 Pawlus kireýine alan jaýynda tutuş iki ýyl ýaşady we ýanyna gelenleriň hemmesini kabul etdi. 31 Ol batyrgaýlyk bilen we hiç bir bökdençsiz Hudaýyň Şalygyny wagyz edip, Rebbimiz Isa Mesih barada öwretdi.