13‑nji bap
Häkimiýete tabynlyk
1 Her bir ynsan öz üstünden höküm sürýän häkimiýete tabyn bolsun, sebäbi Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur. Höküm sürýän häkimiýetler Hudaý tarapyndan bellenendir. 2 Şoňa görä, häkimiýete garşy çykýan her kes Hudaýa garşy çykyp, jeza duçar bolar. 3 Ýagşy iş edýänler häkimiýet ýolbaşçylaryndan gorkmaýarlar. Olardan ýaman iş edýänler gorkýandyrlar. Häkimiýetden gorkman ýaşasyň gelýärmi? Ýagşy işleri et, şonda häkimiýet seni taryplar. 4 Sebäbi häkimiýet ýolbaşçysy seniň ýagşylygyň üçin Hudaýyň hyzmatkäridir. Ýaman iş edýän bolsaň, häkimiýet ýolbaşçysyndan gork, sebäbi ol gylyjy ýöne ýere göterýän däldir. Ol Hudaýyň hyzmatkäridir, ýaman iş edeni jezalandyryp, Hudaýyň gazabyny onuň üstünden inderýändir. 5 Şoňa görä, diňe jeza duçar bolmak gorkusyndan däl, eýsem ynsabyňyzy päk saklamak üçin häkimiýete tabyn bolmalydyr. 6 Siz salgytlary hem şu sebäbe görä töleýänsiňiz. Sebäbi häkimiýet ýolbaşçylary öz borçlaryny berjaý etmek bilen, Hudaýa hyzmat edýändirler. 7 Şoňa görä-de, her kese berilmelisini: salgyt bolsa – salgydy, gümrük bolsa – gümrügi, gorky bolsa – gorkyny, hormat bolsa – hormaty beriň.
Biri-biriňizi söýüň
8 Biri-biriňize söýgüden başga bergiňiz bolmasyn, sebäbi ýakynyny söýýän adam Musanyň Kanunyny berjaý edýändir. 9 Çünki «Zyna etme, adam öldürme, ogurlyk etme*, başganyň zadyna göz dikme» diýen we başga buýruklaryň bary «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen buýrukda jemlenendir. 10 Ýakynyny söýýän adam oňa ýamanlyk edýän däldir. Şeýdip, başgalary söýýän adam Musanyň Kanunyny berjaý edýändir.
11 Şonuň üçin-de, biri-biriňizi söýüp ýaşaň, häzir zamananyň nähilidigini bilýänsiňiz. Ukudan oýanmaly sagadymyz gelip ýetdi, sebäbi biziň halas bolmaly pursadymyz Isa Mesihe iman eden wagtymyzdakydan has golaýlandyr. 12 Gije geçip, gündiz golaýlady. Şoňa görä tümlügiň işlerini goýbolsun edip, nuruň ýaraglaryny dakynalyň. 13 Keýpi-sapalyk, serhoşlyk, zynahorlyk, azgynlyk, göriplik, dawa-jenjel etmän, gündize ýaraşýan tärde edepli ýaşalyň. 14 Ynsan höwesleriňizi nädip kanagatlandyrarkam diýip oýlanmaň-da, gaýtam, Rebbimiz Isa Mesihe besleniň.