Pawlusyň korintoslylara birinji haty
Giriş
Pawlusyň ýazan bu haty «Pawlusyň korintoslylara birinji haty» diýip atlandyrylýandygyna garamazdan, ol Korintosdaky ýygnaga ýazylan ilkinji hat däldir. Sebäbi ol bu hatynda öňki ýazan hatyna salgylanyp, şeýle ýazýar: «Men size azgyn adamlar bilen gatnaşmaň diýip öň ýazypdym» (5:9). Korintosdaky ýygnagyň imanlylary hem käbir zatlary aýdyňlaşdyrmak üçin ozal Pawlusa hat ýazypdyrlar (7:1). Şonuň üçin-de, 1‑nji Korintoslylaryň käbir parçalarynda hut şol soraglara jogap berilýär.
Korintos Gresiýanyň günortasynda ýerleşýän gadymy port şäheridir. Pawlus öz wagyzlaryny şu şäherde ýerleşýän ýahudylaryň sinagogasynda başlaýar. Ýöne soňra ol sinagoganyň gapdalynda ýerleşýän öýe baryp wagzyny dowam etdirmeli bolýar. Bu öýde ýahudy bolmasa-da, Isa iman edip, Onuň şägirdi bolan adam ýaşaýardy (Resullaryň işleri 18:1-17). Korintosdaky imanlylaryň arasynda baýlar (1 Korintoslylar 11:18-21), hatda şäher gaznaçysy bolsa-da (Rimliler 16:23), olaryň köpüsi garyp adamlardy (1 Korintoslylar 1:26-29). Pawlus Korintosda bolan wagtynda eklenmek üçin çadyr tikmek bilen meşgullanýardy (Resullaryň işleri 18:3; 1 Korintoslylar 4:12; 9:1-18).
Korintosly imanlylaryň arasynda döreýän agzalalyklar (1:10–4:21), olaryň biri-birlerine bolan nädogry garaýyşlary (5:1–6:20) Pawlusy örän aladalandyrýar. Ol käbir mesihileriň hereketini ýazgaryp, Isa Mesihiň Hoş Habarynyň asyl manysyny olara düşündirýär. Şeýle-de ol nika (7:1-40), butlara hödür edilýän gurbanlyklary iýip-iýmezlik (8:1-13) barasyndaky soraglaryna jogap berýär. Pawlus olara Hudaýa dogry tärde sežde etmelidigini ündeýär. Ol Isa Mesihiň direlendigine iman edýänleriň indi ölümiň ygtyýaryndan azatdyklaryny nygtap: «Eý, ölüm, hany seniň ýeňşiň? Eý, ölüm, hany seniň zäherli neşderiň?» diýip, Hoşeýanyň pygamberlik bilen aýdanlaryny mysal getirýär (15:55).
Pawlus olara biri-birlerini söýmegi ündäp, ýygnakdaky ähli kynçylyklary söýgi arkaly ýeňip bolýandygyny nygtaýar. Ol söýginiň hatda iman bilen umytdan hem güýçlüdigini aýdýar:
Söýgi sabyrlydyr, mähribandyr. Söýgi bahyllyk edýän däldir, özüni beýgeldýän däldir. Söýgi gopbamsyramaýar, biabraýlyk etmeýär. Söýgi öz bähbidini aramaýar, gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar. Söýgi ýamanlyga şatlanmaýar, ol hakykata şatlanýandyr. Söýgi hemme zady bagyşlaýandyr, elmydama ynanýandyr. Söýgi hiç haçan umytdan düşýän däldir, hemme zada çydaýandyr. Pygamberlikler tamamlanar, diller ýiter, bilim gutarar, söýgi bolsa asla tükenmez.
Mazmuny
Salamlar we doga-dilegler1:1-9
Ylalaşykly bolmaga çagyryş1:10–4:21
Ýygnakdaky gatnaşyklar5:1–7:40
Butlara däl-de, ýeke-täk Hudaýa hormat goýmak8:1–11:1
Ybadat etmek we ýygnagyň durmuşy barada tabşyryklar11:2–14:40
Mesihiň ölümden üstün çykmagy15:1-58
Mätäçler üçin sadakalar16:1-4
Pawlusyň syýahat meýilnamasy16:5-12
Şahsy öwütler we salamlar16:13-24