Pawlusyň korintoslylara ikinji haty
Giriş
Pawlusyň korintoslylara ikinji haty joşgunly we şahsy äheňde ýazylan hatdyr. Korintoslylara birinji haty ýaly, ol hem Gresiýanyň Korintos şäherindäki imanlylar ýygnagyna ýazylandyr. Bu hatyň käbir parçalary dürli wagtda we dürli ýerlerde ýazylyp, soňra bir ýere jemlenen bolmagy mümkin. Onuň mowzugynyň we äheňiniň birdenkä üýtgemegi hem hut şu ýagdaý bilen düşündirilýär.
Hatyň aglaba böleginiň korintoslylara ýazylan birinji hatdan soň ýazylandygy mese-mälimdir. Onuň ýazylan döwründe Korintosdaky imanlylar ýygnagy bilen Pawlusyň özara gatnaşyklary galp resullar zerarly bozulypdy. Olar Pawlusyň resul diýip atlandyrylmaga haky ýok diýip, birtopar şübhelenmeleri döredýärdiler. Ýagdaýyň şeýle dartgynly bolandygyna garamazdan, korintoslylara ýazylan ikinji hatda Pawlusyň çuň taglymaty beýan edilýär. Bu taglymat özüňi ynjadanlary bagyşlamagy, ejizlikde güýçli bolmagy, sahylyk bilen bermegi ündeýär, Isa Mesihiň ölümi we direlişi arkaly her bir ynsana elýeter bolan täze ýaşaýyş barada taglym berýär.
Mazmuny
Salamlar we şükür dilegleri1:1-11
Pawlus öz garşydaşlary bilen ýaraşmak isleýär1:12–7:16
Pawlus korintoslylary sahylyk bilen bermäge höweslendirýär8:1–9:15
Pawlus özüniň Isa Mesihiň hakyky resulydygyny subut edýär10:1–12:21
Soňky duýduryşlar we salamlar13:1-13