Pawlusyň galatýalylara haty
Giriş
Galatýa welaýaty Rim imperiýasynyň düzümine girýärdi. Bu welaýatyň käbir çäkleri häzirki Türkiýäniň çäklerinde ýerleşýärdi.
Pawlus Isa Mesih baradaky Hoş Habary Galatýada wagyz edip, ol ýerde ençeme ýygnaklaryň düýbüni tutýar. Bu ýygnaklaryň agzalarynyň aglaba bölegi ýahudy halkyndan däldi. Pawlus olara Isa Mesihe eýermek üçin Musanyň Kanuny berjaý etmek hökman däl diýip aýdýar. Emma Pawlus Galatýadan gidenden soň, käbir adamlar ýygnaga gelip, ondaky imanlylara Pawlusy galp resullykda aýyplaýarlar. Munuň bilen hem çäklenmän, olara ýahudylaryň dini kanunlaryny we adatlaryny, şol sanda sünnetlenmäni hem berjaý etmelidigini öwredýärler. Şonuň üçin-de, galp mugallymlar tarapyndan aldawa salnan adamlary hakyky imana we amallara dolandyrmak üçin, Pawlus bu haty ýazýar. Ol öz hatyny Isa Mesihiň resuly diýip atlandyrylmaga doly haklydygy baradaky sözler bilen başlaýar. Pawlus özüniň Hudaý tarapyndan resullyga bellenendigini, munuň Iýerusalimdäki resullar tarapyndan hem goldanylýandygyny (1:182:10) aýdýar. Ol Isa Mesih baradaky Hoş Habary wagyz etmäge, aýratyn hem başga milletlere wagyz etmäge saýlanylandygyny mälim edýär. Pawlus iman edýän adamyň ozal haýsy dine uýandygyna ýa-da haýsy millete degişlidigine garamazdan, Hudaý bilen diňe iman arkaly ýaraşýandygyny aýratyn belleýär. Ol muny tassyklamak üçin, Ybraýymy mysal getirip, şeýle diýýär: «Geliň, Ybraýymy ýada salalyň: „Ybraýym Hudaýa iman etdi we Hudaý ony dogry hasaplady“» (3:6). Şunlukda, Isa Mesihe iman edýänleriň hemmesi Ybraýymyň nesli hasaplanyp biler, sebäbi Hudaý olary iman edýändikleri üçin dogruçyl hasaplaýar. Şeýle-de olaryň ählisi Isa Mesihe degişli bolup, jynsyna, jemgyýetdäki derejesine we milletine garamazdan, bir adam ýalydyr. Şoňa görä-de, mesihiler üçin ýahudylaryň dini kanunlaryny we adatlaryny berjaý etmek zerurlygy ýokdur. Pawlus hatynyň jemleýji baplarynda mesihiniň hereketleriniň söýgüden döreýändigini, bu söýginiň hem Isa Mesihe bolan imandan ylhamlanýandygyny aýdyň açyp görkezýär.
Mazmuny
Salamlar we doga-dilegler1:1-10
Pawlusyň resullyk ygtyýarlygy1:11–2:21
Hudaýyň merhemeti baradaky hoş habar3:1–4:31
Mesihiniň azatlygy we jogapkärçiligi5:1–6:10
Jemleme6:11-18