Pawlusyň efeslilere haty
Giriş
Efes şäheri Aziýa welaýatynyň (häzirki Türkiýäniň) günbatarynda ýerleşýän port şäheridi. Hatyň ýazylan döwründe bu şäher öz ululygy boýunça Rim imperiýasynda dördünji orny eýeleýärdi. Mundan başga-da, Efes şäheri tebigata sežde etmegiň gadymy dini merkezi bolup, onda zenan hudaý Artemise sežde edilýärdi (Res 19-njy bap). Awtor efeslilere ýüzlenip, olaryň Isa Mesihiň ýörelgesine eýerýänler hökmünde Hudaýyň eziz çagalarydygyny we olaryň Hudaýyň göreldesine eýermelidigini aýdýar (5:1). Olar birwagtlar garaňkylykda ýaşaýardylar, emma indi nurda ýaşap, öz nurlaryny parlatmalydyrlar (5:8, 9).
Hatyň esasy mowzugy bitewülik baradadyr. Hatyň birinji babynda Hudaýyň ölümden direlden Isa Mesihiň hökümdarlygy barada aýdylýar. Ol göklerde Hudaýyň sagynda oturyp, tutuş dünýä hökümdarlyk edýär. Hudaýyň ahyrky we iň ajaýyp niýeti ýerdäki we gökdäki ähli zatlary bir Başa, ýagny Isa Mesihe birikdirmekden ybaratdyr (1:10).
Hatyň birinji bölüminde bitewülik baradaky pikir ýaýbaňlandyrylýar. Onda Atamyz Hudaýyň Öz halkyny saýlaýşy, onuň günälerini bagyşlaýşy, Isa Mesih arkaly halkyň öz günälerinden azat edilişi, Hudaýyň beýik wadasynyň Mukaddes Ruh arkaly kepillendirilişi beýan edilýär. Hatyň ikinji bölüminde Isa Mesihe eýerýän imanlylara biri-birini söýmeklik ündelýär.
Hudaýyň halkynyň Isa Mesihdäki bitewüligini görkezmek üçin, hatda dürli suratlandyrmalar ulanylýar. Onda ýygnak – beden, Isa Mesih bolsa onuň başy hökmünde ýa-da ýygnak – bina, Isa Mesih bolsa onuň burç daşy hökmünde suratlandyrylýar. Awtor Hudaýyň Isa Mesih arkaly berýän merhemetini beýan edip, Onuň bagyşlamasyna, merhemetine we päkligine mynasyp durmuşda ýaşamagy ündeýär.
Mazmuny
Salamlar we doga-dilegler1:1-2
Isa Mesih we ýygnak1:3–3:21
Isa Mesihdäki täze ýaşaýyş4:1–6:20
Jemleme6:21-24