19-njy bap
Pawlus Efes şäherinde
1 Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy. 2 Olardan: «Iman edeniňizde Mukaddes Ruhy kabul etdiňizmi?» diýip sorady. Olar hem oňa: «Biziň Mukaddes Ruhuň bardygyndan hatda habarymyzam ýok» diýdiler. 3 Olardan: «Onda nämä esaslanyp çümdürildiňiz?» diýip sorady. Olar: «Ýahýanyň çümdürmesine esaslanyp çümdürildik» diýip jogap berdiler. 4 Pawlus: «Ýahýa toba edenleri çümdürýärdi. Ol halky özünden soňra Gelene, ýagny Isa iman etmäge çagyrdy» diýdi. 5 Olar muny eşidip, Reb Isanyň yzyna eýerijiler hökmünde suwa çümdürildiler. 6 Pawlus olaryň üstlerine elini goýan badyna, olara Mukaddes Ruh indi. Olar nämälim dillerde gepläp, pygamberlik etmäge başladylar. 7 Olaryň hemmesi on iki adam töweregi bardy.
8 Pawlus üç aýlap sinagoga baryp, ol ýerde halka ynandyryjy deliller bilen Hudaýyň Şalygy barada batyrgaý wagyz etdi. 9 Emma käbirleri keçjallyk edip, ynanmak islemediler we halkyň öňünde «Isanyň Ýoly» atly topary ýamanlamaga başladylar. Şeýlelikde, Pawlus olaryň ýanyndan gaýtdy we imanlylary-da özi bilen alyp gaýtdy. Ol Tiran diýen adamyň diwanhanasynda her gün söhbet etdi. 10 Bu iş iki ýyl dowam etdi. Şeýdip, Aziýa welaýatynda ýaşaýanlaryň hemmesi: ýahudylaram, greklerem Rebbiň Hoş Habaryny eşitdiler.
11 Hudaý Pawlusyň eli bilen görlüp-eşidilmedik gudratlary görkezdi. 12 Pawlusa degen elýaglykdyr guşaklary alyp, hassalaryň üstüne ýapanlarynda, olar dertlerine şypa tapýardylar, olardan arwah-jynlar çykýardy.
13 Şäherden-şähere aýlanyp, arwah-jynlary kowup çykarýan käbir ýahudylar topary hem bardy. Olar arwah-jyn eýelänlere Reb Isanyň ady bilen şypa bermäge synanyşyp: «Pawlusyň wagyz edýän Isasynyň ady bilen size buýruk berýärin!» diýýärdiler. 14 Ýahudylaryň Skewa atly baş ruhanysynyň ýedi ogly-da bu iş bilen meşgullanýardy. 15 Bir gezek arwah-jyn olardan: «Isany tanaýaryn, Pawlusy-da bilýärin, ýöne siz kim?» diýip sorady. 16 Onsoň erbet ruh eýelän adam olaryň üstüne topulyp, ählisini basdy. Şonda olar bu öýden ýalaňaç hem ýaraly gaçyp gitdiler. 17 Efesde ýaşaýan ýahudylaryň we grekleriň hemmesi bu wakany eşidip gorkdular. Reb Isanyň ady beýgeldi. 18 Iman edenleriň köpüsi gelip, eden etmişlerini açyk boýun aldylar. 19 Jadygöýlik bilen meşgullanýanlaryň ençemesi kitaplaryny üýşürip, hemmäniň gözüniň alnynda ýakdylar. Olaryň bahasyny hasaplanlarynda, elli müň kümüş teňňe çykdy. 20 Şeýlelikde, Rebbiň Hoş Habary barha ýaýrap, güýç-gudraty artýardy.
21 Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi. 22 Ol öz iki kömekçisini: Timoteos bilen Erasdy Makedoniýa ýollady. Özi bolsa birnäçe wagtlap Aziýa welaýatynda galdy.
Efesdäki galmagal
23 Şol wagtlar «Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda uly galmagal turdy. 24 Demetreý atly bir zergär bardy. Ol kümüşden Artemis buthanasynyň şekillerini ýasamak bilen ussalara köp girdeji getirerdi. 25 Demetreý ussalary we şunuň ýaly iş bilen meşgullanýanlary üýşürip, şeýle diýdi: «Adamlar! Biziň şu hünär arkaly oňat gazanç edýändigimizi özüňiz bilýänsiňiz. 26 Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz. 27 Biziň bu senedimize halkyň arasynda abraýdan düşmek howpy abanýar. Diňe bu howp däl, eýsem, beýik zenan hudaý Artemisiň buthanasynyň-da hiç zat saýylyp, bütin Aziýa welaýatynyň we dünýäniň sežde edýän hudaýynyň şöhraty puja çykmagy ahmal». 28 Olar muny eşidenlerinde, gahar-gazapdan dolup: «Efeslileriň Artemisi beýikdir!» diýip gygyrmaga başladylar. 29 Şeýdip, bütin şäher galagopluga düşdi. Halk makedoniýaly Gaýus bilen Aristarhy tutup, olary tomaşa meýdanyna süýräp getirdi. Bu ikisi ýolda Pawlusa ýoldaş bolupdylar. 30 Pawlus halkyň arasyna girmekçi bolanda, şägirtler ony goýbermediler. 31 Onuň dostlary bolan Aziýa welaýatynyň häkimlerinden käbiri-de Pawlusa habar ýollap, tomaşa meýdanynda görünmezligini haýyş etdiler. 32 Tomaşa meýdanyndaky jemagat galagopluga düşdi. Olaryň hersi bir zat diýip gygyrýardy. Köpüsi näme üçin üýşendiklerini hem bilmeýärdi. 33 Onsoň ýahudylaryň itermegi bilen, mähelläniň içinden Isgender diýen bir adamy öňe çykardylar. Käbir adamlar näme diýmelidigini oňa gygyryp aýtdylar. Isgender eli bilen yşarat edip, halkyň öňünde gepläp, özüni gorajak boldy. 34 Emma halk onuň ýahudydygyny bilende, hemmesi biragyzdan: «Efeslileriň Artemisi beýikdir!» diýip, iki sagatlap gygyryp durdular. 35 Şäher kätibi mähelläni köşeşdirip, şeýle diýdi: «Eý, efesliler! Beýik Artemis buthanasynyň we asmandan inen heýkeliniň goragçysynyň Efes şäheridigini kim bilmeýär?! 36 Muny hiç kim inkär edip bilmez. Şonuň üçin hem özüňizi rahat alyp baryp, paýhasly hereket etmelisiňiz. 37 Bu adamlar ne buthana ogrusy, ne-de hudaýymyza dil ýetiripdirler, emma siz olary bu ýere getirdiňiz. 38 Demetreýiň ýa-da onuň ýanyndaky ussalaryň birine garşy dawalary bar bolsa, kazyýetiň gapylary açyk, ol ýerde kazylar bar. Goý, biri-birine garşy aýyplamalaryny aýdyp, şol ýerde arz etsinler. 39 Başga bir çäre görmekçi bolsaňyz, onda ol kanuny ýygnakda çözüler. 40 Bu günki wakalar zerarly, bizi gozgalaň turuzmakda aýyplamaklary ahmal. Bizde bu toplanyşygy aklap biljek hiç bir delil ýok». Ol şeýle diýdi-de, üýşen mähelläni dargadyp goýberdi.