Pawlusyň filipililere haty
Giriş
Filipi şäheri Gresiýanyň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşip, onda grekler we rimliler ýaşaýardylar. Latyn dili döwlet dili bolsa-da, şäheriň ilaty esasan grek dilinde gürleşýärdi. Pawlus Hoş Habary wagyz etmek üçin eden ikinji syýahatynyň dowamynda bu şäherde ilkinji ýygnagyň düýbüni tutupdy (Resullaryň işleri, 16-njy bap). Bu ýygnak Ýewropa sebitlerindäki ilkinji ýygnakdy.
Pawlus bu haty tussaglykda oturan döwründe ýazýar (1:7). Ol öz hatynda Filipidäki imanlylara doga-dilegleri we ýardamlary üçin çäksiz minnetdardygyny aýdýar (1:5; 4:10-19). Pawlus Hoş Habaryň wagzyny dowam etdirmek üçin tussaglykdan boşadylmaga umyt edýär (3:17-19). Emma ol özüniň ölüme höküm edilmeginiň hem mümkindigini bilýär (1:21; 2:17; 3:10). Pawlus ozal Isa Mesihiň, indi bolsa özüniň jebir-jepalara duçar bolşy ýaly, Filipi şäherindäki imanlylaryň hem jebir çekmekleriniň ahmaldygy barada duýdurýar. Şeýle ýagdaý ýüze çyksa, Isa Mesihe bolan imanyň hatyrasyna bu jebir-jepalary ýalkanyş hökmünde kabul etmelidigini aýdýar (1:28-30).
Filipidäki ýygnakda kynçylyklar bardy, sebäbi ýygnagyň käbir agzalary Hudaý tarapyndan halas edilmek üçin Musanyň Kanunyny hökman berjaý etmeli diýip aýdýardylar. Emma Pawlus olara bütinleý garşy çykyp, şeýle «imanlylardan» ägä bolmalydygyny ýygnaga duýdurýar (3:2-11).
Pawlusyň tussaglygyna garamazdan, hat şatlykdan doludyr. Ol her ýagdaýyň bähbitli tarapyna garamalydygyna düşünýär we Filipidäki ýygnagyň oňa eden ähli ýagşylyklaryny ýatlaýar. Pawlus olara Hudaýyň halkynyň özara ylalaşykly bolup (2:2; 4:2-3), hemme zada Isa Mesihiň garaýşy ýaly garamalydygyny ýatladýar: «Isa Mesih Hudaýyň tebigatyna eýe bolsa-da, ony Özüne dereje saýmady, ondan mäkäm ýapyşmady. Gaýtam, bir gul kimin bolup, ynsan keşbinde bu dünýä indi, Ol Özüni asla hiç etdi. Ol ynsan sypatyna girip, ölüme, hatda haçdaky ölüme-de tabyn boldy, Özüni peseltdi» (2:6-7).
Mazmuny
Salamlar we doga-dilegler1:1-11
Pawlus ýaşaýşyň asyl manysyna nähili düşünýär?1:12-30
Isa Mesihiň hakyky tabynlyk göreldesi2:1-18
Pawlusyň dostlary baradaky habarlar2:19-30
Hudaý tarapyndan kabul edilmek3:1–4:9
Pawlus filipililere minnetdarlyk bildirýär4:10-20
Soňky salamlar4:21-23