4‑nji bap
Öwütler
1 Şunlukda, eý, söýgüli doganlarym, Rebbiň hatyrasyna berk duruň! Men gara gözüňize zardyryn. Ezizlerim, siz meniň şatlygym we başymyň täjisiňiz.
2 Men Ewodiýa-da, Sintihä-de ýalbarýaryn: Rebbiň hatyrasyna ylalaşykly boluň. 3 Eý, meniň sadyk ýoldaşym, saňa-da ýalbarýaryn: bu aýallara kömek et. Olar men, Klement we ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylan beýleki işdeşlerim bilen birlikde Hoş Habary ýaýratmakda tutanýerli işlediler.
4 Rebde şatlanyň. Ýene-de gaýtalaýaryn: şatlanyň! 5 Goý, ýumşaklygyňyz hemmelere belli bolsun. Reb ýakyndyr. 6 Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň. 7 Şonda Hudaýyň parahatlygy ýürekleriňizi we pikirleriňizi Isa Mesih arkaly gorar. Bu parahatlyk ynsan düşünerden juda belentdir.
8 Umuman, eý, doganlar, hakyky, hormata mynasyp, dogry, päk, ýakymly, ajaýyp näme bar bolsa, şol barada oýlanyň. Hawa, ýagşy we öwgä mynasyp zatlar barada oýlanyň. 9 Menden öwrenen, kabul eden, eşiden we gören zatlaryňyzy amal ediň. Şonda parahatlyk berýän Hudaý siziň bilen bolar.
Peşgeşler üçin minnetdarlyk
10 Ahyrsoňy men barada ýene-de alada edip başlanyňyza Rebde örän şatlandym. Siz ozal hem alada edýärdiňiz, ýöne muny görkezmäge mümkinçiligiňiz ýokdy. 11 Men muny nämedir bir zada mätäç bolanym üçin aýtmaýaryn. Sebäbi her ýagdaýda baryma kaýyl bolmagy öwrenendirin. 12 Men mätäçligiň-de, bolelinligiň-de nämedigini bilýärin. Men doklukda ýa açlykda, bolelinlikde ýa mätäçlikde ýaşasam-da, garaz, her ýagdaýda we her halda kanagatly bolmagyň tärini öwrendim. 13 Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn.
14 Her nähili bolsa-da, meniň muşakgatlaryma şärik bolup, gowy etdiňiz. 15 Eý, filipililer! Men Makedoniýadan çykyp gaýdyp, Hoş Habary ilki-ilkiler wagyz edip başlan döwrümde siziň ýygnagyňyzdan başga ýygnak maňa maddy kömegini beren däldir. Muny siziň özüňiz-de bilýänsiňiz. 16 Siz hatda Saloniki şäherinde mätäçlik çeken döwrümde-de maňa gaýta-gaýta kömegiňizi ýetiripdiňiz. 17 Men muny peşgeşleriňize hantama bolanym üçin aýtmaýaryn. Men siziň bähbidiňiziň artmagyny isleýärin. 18 Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr. 19 Şöhratly Hudaýym Öz baýlygy bilen siziň, ýagny Isa Mesihe degişli bolanlaryň ähli mätäçlikleriniň öwezini dolar*.
20 Atamyz Hudaýa ebedi we baky şöhrat bolsun! Omyn.
Salamlar
21 Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolanlaryň baryna salam aýdyň. Meniň ýanymdaky doganlar size salam aýdýarlar. 22 Hudaýyň halkynyň ählisi, ylaýta-da imperatora hyzmat edýänler size salam aýdýarlar. 23 Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, goý, size ýar bolsun! Omyn.