3‑nji bap
Sünnetlenmä däl-de, imana daýanýan dogrulyk
1 Şunlukda, eý, doganlarym, goý, şatlygyňyzyň gözbaşy Reb bolsun!
Size şindi ýazýanymy gaýta-gaýta ýazmak maňa kyn däl. Bu sizi goramak üçindir: 2 şol «itlerden», şol betkärlerden, şol pürçük «çapyjylardan» seresap boluň. 3 Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris! 4 Eger ynsan güýjüne daýanmaly bolsa, onda bu babatda meniň doly tutarygym bardyr.
Eger ýene kimdir biri tene daýanmaga tutarygy bardyr öýtse, meniňki ondan-da köpdür. 5 Men dünýä inenimden sekizlenji günde sünnet edilendirin. Men ysraýyl halkynyň benýamin tiresinden bolup, ýewreýleriň ýewreýidirin. Ýahudylaryň Kanunyny berjaý etmek babatda hem fariseýdirin. 6 Din ugrundaky yhlas diýseňiz, imanlylar ýygnagyna azar berdim. Mukaddes Kanuna daýanýan dogrulyk diýseňiz, aýypsyzdym.
7 Emma öň bähbitli saýan zatlarymy indi Mesihiň hatyrasyna biderek saýýaryn. 8-9 Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär. 10-11 Men Isa Mesihiň Özüni, Onuň direlişiniň güýjüni bilesim gelýär. Isa Mesihiň jebir-jepalaryna şärik bolup, Oňa Onuň ölüminde meňzäp, ölümden direlişe ýetesim gelýär.
Maksada ymtylmak
12 Şunlukda, men bularyň baryna ýetendirin ýa-da kämilleşendirin öýdemok. Emma men bulary gazanmak üçin jan edýärin. Sebäbi Isa Mesih meni şu maksat bilen gazandy. 13 Eý, doganlar! Men bulary gazanandyryn öýdemok. Emma ýeke-täk şuny welin edýändirin: yzda galan zatlary unudyp, öňdäkilere ýetmäge ymtylýaryn. 14 Men Hudaýyň Isa Mesih arkaly göklerdäki ýaşaýşa çagyrýan baýragyny almak üçin, maksadyma tarap ylgaýaryn.
15 Şoňa görä-de, imanda kämil bolanlarymyzyň bary, goý, şu nukdaýnazardan pikir etsin. Eger haýsydyr bir zat babatda başga pikirde bolsaňyz, onda Hudaý size muny hem aýdyňlaşdyrar. 16 Biz saýlan ýolumyz bilen öňe tarap gitmeli*.
17 Eý, doganlar! Meniň göreldäme eýerýänlere goşulyň. Biziň göreldämize görä ýaşaýanlara üns berip, olardan öwreniň. 18 Men ozal muny size gaýta-gaýta aýdypdym. Indi bolsa aglap, ýene aýdýaryn: Mesihiň haçyna duşman bolup ýaşaýanlar köpdür. 19 Olaryň soňy weýrançylykdyr, olaryň gara garynlary hudaýlarydyr, olar öz masgaralygyna buýsanýandyrlar. Olar diňe bu dünýäniň zatlary barada oýlanýandyrlar. 20 Biz bolsa gökleriň raýatlary bolup, Halasgär Rebbimiz Isa Mesihiň şol ýerden gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrys. 21 Sebäbi Isa Mesih biziň ejiz we ähmiýetsiz bedenlerimizi özgerdip, Öz şöhratly bedenine meňzeder. Ol muny her zady Özüne tabyn etmegi başarýan güýji arkaly amala aşyrar.