Pawlusyň kolosiýalylara haty
Giriş
Kolosiýa şäheri Rim imperiýasynyň Aziýa welaýatynyň günbatar böleginde ýerleşýärdi. Aziýa welaýaty häzirki Türkiýäniň käbir ýerlerini öz içine alýardy.
Pawlus Kolosiýa şäherine hiç haçan baryp görmese-de, ol ýerdäki mesihileriň güýçli imanlary barada eşidip begenýärdi (1:3-7; 2:6, 7). Kolosiýalylar Hoş Habary şol şäherde ýaşaýan Epafra atly adamdan eşidipdiler (1:7; 4:12, 13). Ol şu hatyň ýazylan döwründe (1:14; 4:3, 10, 18) Pawlus bilen tussaglykda bolupdy (Flm 23‑nji aýat).
Kolosiýadaky ýygnagyň köp agzalary grekler ýa-da şol döwürde Aziýa welaýatynyň çäklerinde ýaşan etnik toparlaryň wekilleridi (1:27). Bu agzalaryň käbirleri geň-taň dini urp-adatlaryna eýerýärdiler. Olar Hudaýa doly tabyn bolmak üçin käbir beden höweslerinden özlerini bütinleý mahrum etmeli, perişdelere we gökdäki güýçlere sežde etmeli diýip pikir edýärdiler. Pawlus olara Isa Mesihiň Hudaý bilen gökdedigini, älemiň ähli ygtyýarlyklaryna Öz hökümini ýöredýändigini mälim edýär (3:1). Şonuň üçin-de, resul öz hatynda olara diňe Isa Mesihe sežde etmegi ündäp, şeýle diýýär: «Mesih görünmeýän Hudaýyň keşbidir, bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany Oldur… Çünki Hudaý 3)doly kamilliginin Isada ornaşmagyny makul bildi. Mesihiň haçda döken gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zady Özi bilen ýaraşdyrmagy makul bildi» (1:15, 19, 20).
Mazmuny
Salamlar we doga-dilegler1:1-2
Şükür doga-dilegleri1:3-8
Isa Mesihiň şahsyýeti we işi1:9–2:19
Isa Mesihiň berýän täze durmuşynda ýaşamak2:20–4:6
Soňky salamlar4:7-18