Pawlusyň salonikililere birinji haty
Giriş
Gresiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Saloniki şäheri Pawlusyň döwründe örän uly we wajyp şäherleriň biridi. Ol esasy söwda ýolunyň ugrunda ýerleşýärdi. Şäher ilatynyň aglaba bölegi grekler bolsa-da, onda dürli etnik toparlaryň wekilleri hem ýaşaýardy. Olar şol döwürde dürli butlara sežde edýärdiler.
Pawlus Salonikide Isa Mesih baradaky Hoş Habary wagyz edip, ýygnagyň düýbüni tutýar, eklenmek üçin agyr zähmet çekýär. Onuň şu haty imanlylar ýygnagyna ýazylan hatlaryň ilkinjisi, hatda Täze Ähtiň ilkinji haty bolmagy hem mümkin diýip hasaplanylýar.
Salonikidäki käbir adamlar Pawlusa garşy çykansoňlar, ol Afiny şäherine gitmäge mejbur bolýar. Ýöne ol Salonikide galan mesihileriň ýagdaýyny bilmek üçin, öz dosty Timoteosy olaryň ýanyna iberýär. Timoteosyň salonikilileriň imany we söýgüsi baradaky habarlary Pawlusy örän begendirýär. Emma ol ýygnakda käbir kynçylyklaryň bardygy barada hem eşidýär. Ýygnagyň käbir agzalary Reb Isa tiz wagtda geler diýen pikire eýerip, zähmet çekmeklerini bütinleý bes eden ekenler (4:11, 12). Başgalary bolsa öz käbir dostlarynyň we dogan-garyndaşlarynyň Reb Isa gelmänkä aradan çykandyklary üçin örän gaýgylanypdyrlar. Şonuň üçin-de, Pawlus öz hatynda Reb Isa gelende nämeleriň boljakdygyny we şol güne çenli nähili ýaşamalydygyny olara aýdyň düşündirmäge çalyşýar. Pawlusyň şu öwütlerini ýatda saklamak örän wajypdyr: «Hemişe şatlanyň. Dyngysyz doga-dileg ediň. Her ýagdaýa şükür ediň. Hawa, Isa Mesihe degişli bolan siz babatda Hudaýyň islegi şulardyr» (5:16-18).
Mazmuny
Salamlar we doga-dilegler1:1-3
Salonikilileriň imany we göreldesi1:4–3:13
Hudaýy hoşnut etmek4:1-12
Isanyň gaýdyp gelmegi4:13–5:11
Soňky öwütler we salamlar5:12-28