5‑nji bap
1 Eý, doganlar, bu wakalaryň wagty we seneleri hakda size ýazmagyň geregi ýok. 2 Rebbiň güni bir ogrynyň gelşi ýaly geler, muny özüňiz-de bilýänsiňiz ahyryn. 3 Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar. 4 Emma, eý, doganlar, Rebbiň güni siziň üstüňizi bir ogry kimin duýdansyz basmasyn, sebäbi siz garaňkylykda däl ahyryn. 5 Siziň baryňyz nura we gündize degişlisiňiz. Biz tümlüge ýa gijä degişli däldiris. 6 Şunlukda, ukudaky adamlar ýaly bolmalyň. Tersine, oýa we hüşgär bolalyň. 7 Çünki uklaýanlar gije uklaýandyrlar, serhoş bolýanlar-da gije serhoş bolýandyrlar. 8-9 Biz bolsa gündize degişlidiris. Hudaý bizi gazaba duçar bolmaga däl, eýsem Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas bolmaga belledi. Şoňa görä-de, egnimize iman bilen söýgini sowut hökmünde, başymyza halas bolmak umydyny tuwulga hökmünde geýip, hüşgär bolalyň. 10 Isa Mesih biziň üçin öldi. Ol muny biz ýaşasak-da, ölsek-de, Onuň bilen ýaşap bilmegimiz üçin etdi. 11 Şoňa görä-de, edil şu wagt edişiňiz ýaly, biri-biriňize öwüt-ündew beriň, ruhlandyryň.
Öwüt-nesihatlar
12 Indi bolsa, eý, doganlar, sizden şulary haýyş etmekçi: araňyzda zähmet çekýänleriň, Reb ýolunda size öňbaşçylyk edýänleriň, terbiýe berýänleriň gadyryny biliň; 13 edýän işleri üçin olary söýüň, olara uly hormat goýuň; özara parahat ýaşaň. 14 Eý, doganlar, size ýalbarýarys: bikär gezýänleri ýazgaryň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler babatda sabyr-takatly boluň. 15 Hiç kimiň ýamanlyga ýamanlyk gaýtarmaýandygyna göz ýetiriň. Gaýtam, biri-biriňize we hemmelere ýagşylyk etjek boluň. 16 Hemişe şatlanyň. 17 Dyngysyz doga-dileg ediň. 18 Her ýagdaýa şükür ediň. Hawa, Isa Mesihe degişli bolan siz babatda Hudaýyň islegi şulardyr.
19 Mukaddes Ruhuň oduny söndürmäň. 20 Pygamberlik sözlerine äsgermezçilik etmäň. 21 Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň. 22 Her hili erbetlikden gaça duruň. 23 Goý, parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý sizi hemmetaraplaýyn päklesin. Rebbimiz Isa Mesih gelende ruhuňyz, janyňyz we bedeniňiz aýypsyz bolsun. 24 Hudaý muny başarar. Çünki sizi çagyran Hudaý ynamdardyr. 25 Doganlar, biziň üçin doga-dileg ediň. 26 Doganlaryň hemmesini mähirli ogşap salamlaşyň. 27 Bu haty doganlaryň baryna okap bermegi Rebbiň adyndan size tabşyrýaryn. 28 Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun!