Pawlusyň salonikililere ikinji haty
Giriş
Pawlusyň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna ýazan ikinji haty şükür sözleri bilen başlanýar. Ol salonikilileriň gitdigisaýy ösýän imanlary we söýgüleri üçin Hudaýa şükür edýär.
Salonikililer köp kynçylyklara duçar bolýardylar. Ýöne Pawlus bu kynçylyklaryň jeza ýa temmi däl-de, iman synagydygy barada aýdýar. Salonikidäki ýygnakdan bir adam Rebbiň eýýäm gaýdyp gelendigini habar berýän haty Pawlusdan alandygyny aýdýar. Emma Pawlus olara özlerini aldatmazlygy tabşyrýar. Ol «ýok edilmeli bikanun adam peýda bolýança» Rebbiň gelmejekdigini olara açykdan-açyk aýdýar (2:3).
Pawlus ýygnakdaky imanlylara bikär gezmezligi ündeýär. Şeýle-de ol hatda aýdylýan öwütlere gulak asmaýan adamlardan ägä bolmagy ýygnaga tabşyrýar. Pawlusyň haty şeýle dileg sözleri bilen tamamlanýar: «Parahatlygyň gözbaşy bolan Rebbiň Özi size hemişe, her ýagdaýda parahatlyk bersin! Reb baryňyza ýar bolsun!» (3:16).
Mazmuny
Salamlar we doga-dilegler1:1-2
Reb gaýdyp gelende adalaty berkarar eder1:3-12
Reb heniz gaýdyp gelenok2:1-12
Imanda berk duruň2:13-17
Doga-dileg ediň, bikär gezmäň3:1-15
Soňky doga-dilegler3:16-18