3‑nji bap
Biziň üçin doga-dileg ediň
1 Eý, doganlar! Rebbiň Hoş Habary siziň araňyzda çalt ýaýrap, şöhratlandy. Ol beýleki ýerlerde-de şeýle bolar ýaly, biziň üçin doga-dileg ediň. 2 Zalym, ýaman adamlardan gutulyp bilmegimiz üçin-de doga-dileg ediň. Çünki Rebbe adamlaryň hemmesi ynanýan däldir. 3 Emma Reb ynamdardyr. Ol size kuwwat berer we şeýtandan gorar. 4 Biziň buýranlarymyzy edýändigiňiz, geljekde-de etjekdigiňiz babatda Reb bizi ynandyrýar. 5 Goý, Reb ýürekleriňizi Hudaýy söýmäge we Mesihe sadyk bolmaga gönükdirsin.
Çöregiňizi özüňiz gazanyň
6 Eý, doganlar, bikär gezip, biziň taglymatymyza görä ýaşamaýan her bir dogandan daş durmagy Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan size buýurýarys. 7 Biziň göreldämize nähili eýermelidigini özüňiz bilýänsiňiz. Biz siziň araňyzdakak, bikär gezmedik, 8 hiç kimiň çöregini mugt iýmedik. Gaýtam, siziň hiç biriňize agram salmajak bolup, gije-gündiz işläp, zähmet çekdik. 9 Biziň sizden ýardam almaga hakymyz bolsa-da, ony talap etmedik. Sebäbi göreldämize eýerip bileriňiz ýaly, muny size nusga bolmak üçin etdik. 10 Biz hatda siziň ýanyňyzdakak: «Kim işlemek islemeýän bolsa, damak-da iýmesin» diýip buýrupdyk. 11 Emma biz araňyzda käbirleriňiziň bikär gezýändigini eşidýäris. Olar öz işleri bilen bolman, başgalaryň işine goşulýarlar. 12 Şeýle adamlara gep-gürrüňsiz işlemegi we öz çöreklerini gazanmagy Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan tabşyryp ýalbarýarys. 13 Siz bolsa, eý, doganlar, ýagşylyk etmekde ýadamaň. 14 Kim bu hatda aýdanlarymyza gulak asmasa, ony göz astyna alyň. Ol utanar ýaly, onuň bilen gatnaşmaň. 15 Ýöne ony duşman saýmaň, gaýtam bir dogan hökmünde oňa öwüt beriň.
Salamlar