Pawlusyň Timoteosa birinji haty
Giriş
Timoteos Pawlus nirä gitse, onuň bilen bile gidýärdi, ähli işlerinde oňa kömek berýärdi (Rim 16:21; 1 Kor 16:10; Fil 2:19). Imanlary bir bolany üçin, Pawlus ony öz ogly kimin görýärdi (1:2). Timoteos Pawlusyň iň sadyk egindeşleriniň biri bolansoň, ol öz hatlarynda Timoteosy köp ýatlaýar.
Bu hatyň Timoteosa ýazylandygyna garamazdan, Pawlus onda tutuş ýygnaga degişli meselelere garap geçýär. Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny we hyzmatçylaryny saýlamakda nämä esaslanmalydygyny aýdýar (3:1-13, 5:17-20). Pawlus mesihileriň ählisine hemmeler üçin doga-dileg edip, şuny ýatda saklamagy tabşyrýar: «Çünki ýeke-täk bir Hudaý bardyr. Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem ýeke-täk bir Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Isa Mesihdir» (2:5).
Mazmuny
Salamlar we doga-dilegler1:1-2
Ýygnagyň durmuşy üçin öwüt-ündewler1:3–3:13
Imanymyzyň syry3:14–4:5
Pawlusyň Timoteosa beren öwütleri4:6–6:21