Pawlusyň filipililere haty
1‑nji bap
1 Isa Mesihiň gullary bolan men Pawlusdan we Timoteosdan Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolan filipilileriň baryna, şol sanda ýygnak ýolbaşçylaryna we hyzmatçylaryna dogaýy salam!
2 Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun!
Şükürler we doga-dilegler
3 Men her gezek siz barada oýlananymda, Hudaýyma şükür edýärin. 4 Siziň ähliňiz üçin şatlanyp, elmydama Hudaýa doga-dilegler edýärin. 5 Çünki siz ilkinji günden tä şu wagta çenli Hoş Habary ýaýratmakda hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. 6 Sizde ýagşy işi başlan Hudaýyň muny Isa Mesihiň geljek gününe çenli bitirjekdigine ynanýaryn.
7 Men tussaglykda bolsam-da, Hoş Habary gorap, ony ykrar etsem-de, siz maňa berlen merhemetli gullukda elmydama hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. Şonuň üçin-de men siz babatda şeýle şatlanmaga haklydyryn. Çünki ýüregimiň töründe ornuňyz bar ahyryn! 8 Men sizi görmäge intizardygyma we Isa Mesihiň söýgüsi bilen söýýändigime Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.
9 Men söýgiňiziň bilimde we ýiti düşbülikde bolelin dolup-daşmagyny Hudaýdan dileýärin. 10 Çünki men siziň möhüm zatlary saýgaryp, Isa Mesihiň geljek gününde päk we müýnsüz bolmagyňyzy isleýärin. 11 Şonda durmuşyňyz Isa Mesih arkaly amala aşýan dogry işlerden dolup-daşar, siz Hudaýa öwgi we şan-şöhrat getirersiňiz.
Hoş Habary tussag edip bolmaýar
12 Indi bolsa, eý, doganlar, size şulary mälim edesim gelýär: meniň başyma inen külpetler dogrudan-da Hoş Habaryň ýaýramagyna ýardam etdi. 13 Şunlukda, meniň Mesih sebäpli tussag edilendigim köşk goragçylaryna we beýlekileriň baryna mälim boldy. 14 Meniň bu tussaglygym imandaky doganlarymyň köpüsini ruhlandyrdy. Olar gorkman, batyrgaýlyk bilen Hoş Habary wagyz edýärler. 15 Hawa, olaryň käbirleri meniň bilen bäsleşip, Isa Mesih baradaky Hoş Habary bahyllykdan wagyz edýärler, käbirleri bolsa ýagşy niýetden wagyz edýärler. 16 Bular meniň Hoş Habary goramak üçin saýlanandygymy bilip, ony söýgi bilen wagyz edýärler. 17 Emma beýlekiler Mesihi päk ýürekden däl-de, öz bähbitlerini aramak üçin wagyz edip, tussaglykdaky külpetlerimi artdyrmakçy bolýarlar. 18 Edenlerinde näme?! Her nähili bolsa-da, isle betpällikden, isle-de ýagşy niýetden, barybir olar Isa Mesihi wagyz edýärler. Men muňa begenýärin.
Hawa, gaýta-gaýta begenerin, 19 sebäbi doga-dilegleriňiz we Isa Mesihiň Ruhunyň kömegi arkaly bu külpetleriň maňa azatlyk getirjekdigini bilýärin. 20 Çünki men asla utanja galmajakdygyma, hemişekim ýaly şindi hem mertlik bilen hereket etjekdigime ynanýaryn. Men ýaşasam-da, öldürilsem-de, meniň bedenim arkaly Mesih beýgeldiler. 21 Çünki meniň üçin ýaşaýyş Mesihdir, ölüm-de bähbitlidir. 22 Emma ýaşasam, hasylly zähmet çekerin. Şonuň üçin-de haýsysyny saýlajagymy bilmeýärin. 23 Men iki dagyň arasynda galdym: men dünýäden ötüp, Mesihiň ýanynda bolmak isleýärin. Bu juda ýagşydyr; 24 emma meniň diri galmagym size has-da gereklidir. 25 Men şu babatda ynamym bolany üçin, diri galjakdygymy bilýärin. Hawa, imanda we onuň berýän şatlygynda ösüp bileriňiz ýaly, men ýene-de siziň araňyzda galaryn. 26 Şoňa görä-de, men tussaglykdan boşap, ýanyňyza baranymda, siz Isa Mesihiň meniň üçin edenleri babatda has-da köp magtanyp bilersiňiz.
Durmuş ýörelgäňiz Hoş Habara laýyk bolsun
27 Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin. 28 Şeýle-de, özüňize garşy çykýanlardan asla gorkmaýandygyňyzy bilerin. Siziň imanda şeýle berk durmagyňyz olaryň heläk boljakdygyndan, siziň bolsa halas ediljekdigiňizden nyşandyr. Bular Hudaý tarapyndyr. 29 Çünki size diňe Isa Mesihe iman etmek däl, eýsem Onuň hatyrasyna jebir-jepa çekmek hem berlendir. 30 Siz meniň göreşimi özüňiz gördüňiz, ol barada şindi hem eşidýänsiňiz. Bu göreşime siz hem şäriksiňiz.