16-njy bap
Soňky salamlar
1 Kenhreýadaky ýygnagyň hyzmatçysy aýal doganymyz Fibini size tabşyrýaryn. 2 Ony Rebbimiziň haky üçin, imanlylara gelişýän tärde myhman alyň, ähli mätäçliklerinde kömek beriň. Çünki ol köplere, şol sanda maňa-da ençeme gezek kömek etdi.
3 Isa Mesihe hyzmat edýän işdeşlerim Priska* we Akila salam aýdyň. 4 Olar meniň üçin öz janlaryny howp astyna saldylar; olara diňe men däl, başga milletlerden bolan ýygnaklar hem minnetdardyrlar. 5 Olaryň öýünde ýygnanýan ýygnaga-da salam aýdyň. Eziz dostum Epenete hem salam aýdyň; ol Aziýa welaýatyndakylaryň arasynda ilkinji bolup Isa Mesihe iman etdi. 6 Siziň üçin arman-ýadaman zähmet çeken Merýeme salam aýdyň. 7 Meniň bilen tussaglykda bolan tiredeşlerim Andronik bilen Ýuniýa salam aýdyň. Olar resullaryň arasynda at-abraý gazanyp, Mesihe menden öň iman edipdiler. 8 Reb arkaly eziz dostum bolan Ompliýata salam aýdyň. 9 Isa Mesihe hyzmat edýän işdeşlerim Urbana, eziz dostum Ystaha salam aýdyň.
10 Mesihiň sadyk şägirdi Apelä salam aýdyň. Aristobulyň öý-içersine hem salam aýdyň.
11 Tiredeşim Hirodiýuna salam aýdyň. Narkusyň içersinden Rebbe iman edýänlere salam aýdyň. 12 Reb üçin arman-ýadaman zähmet çekýän aýal doganlarymyz Trufaýyna we Trufosa salam aýdyň. Reb üçin köp zähmet çekýän eziz aýal doganymyz Perse hem salam aýdyň. 13 Reb tarapyndan saýlanyp-seçilen imandaky doganym Rufusa we onuň enesine salam aýdyň. Rufusyň enesi maňa-da hut öz ogly ýaly garaýar. 14 Asinkrite, Flegona, Hermese, Patroba, Hermä we olaryň ýanyndaky doganlara salam aýdyň. 15 Filologa, Ýuliýa, Olimpa, Nereýe, onuň aýal doganyna we olaryň ýanyndaky Hudaý halkynyň baryna salam aýdyň. 16 Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň. Isa Mesihe degişli bolan ýygnaklaryň bary size salam iberýär.
17 Eý, doganlar, size öwredilen taglymata garşy çykyp, araňyzda agzalalyklary döredýänlerden, imanyňyza böwet bolýanlardan ägä boluň diýip ýalbarýaryn. Şeýle adamlardan gaça duruň. 18 Çünki olar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar. 19 Siziň tabynlygyňyz hemmelere mälimdir. Men siziň şeýledigiňize biçak begenýärin, ýöne siziň ýagşyny ýamandan aýdyň saýgarar ýaly paýhasly bolmagyňyzy, ýamanlyga ýanaşmazlygyňyzy isleýärin. 20 Parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý bolsa tiz wagtda şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun! 21 Işdeşim Timoteos, tiredeşim Lukiý, Ýason we Sosipater dagy size salam ýollaýarlar. 22 Bu haty kagyza ýazyp oturan men Tertiý Rebbe iman edýän doganyňyz hökmünde size salam ýollaýaryn.
23 Men Pawlusy myhman alyp, ýygnaklary öz öýünde geçirmäge mümkinçilik döreden Gaýus size salam ýollaýar. Şäheriň gaznaçysy Erast we doganymyz Kuwart size salam ýollaýar.* 25 Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma, ýagny Isa Mesih baradaky taglymata ynanan sizi imanda berkitmegi başarýan Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Bu Hoş Habar ençeme asyrlaryň dowamynda ýaşyryn saklanyp, indi aýan edilen bir syrdyr. 26 Hawa, bu Hoş Habar aýan boldy. Ol ähli milletleriň baky Hudaýyň emrine görä Oňa tabyn bolmagy üçin pygamberleriň ýazgylary arkaly aýan edildi. 27 Dana we ýeke-täk Hudaýa Isa Mesih arkaly baky şan-şöhrat bolsun! Omyn!*