15‑nji bap
Ylalaşykly boluň
1 Biz, imany güýçlüler, diňe öz göwnümizden turjak bolmaly däl-de, gaýtam, imany gowşaklaryň ejizliklerine geçirimli bolmalydyrys. 2 Biziň her birimiz öz ýakynynyň imanyny güýçlendirjek zatlaryň pikirini edip, onuň göwnünden turmalydyrys. 3 Sebäbi «Saňa dil ýetirýänleriň gepi başyma indi» diýip ýazylyşy ýaly, hatda Isa Mesihhem Öz göwnünden turjak bolan däldir. 4 Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlaryň bary bize taglym öwretmek üçin ýazylandyr. Biz Mukaddes Ýazgylar arkaly sabyr-takatly bolmagy öwrenýäris, olaryň berýän tesellisi arkaly umytlydyrys. 5-6 Isa Mesihe eýerip, Onuň Atasy bolan Hudaýymyzy bir ýürekden we biragyzdan şöhratlandyryp bileriňiz ýaly, goý, sabyrlylygyň we teselliniň gözbaşy bolan Hudaý size agzybirlik bersin. 7 Şoňa görä-de, Hudaýy şöhratlandyrmak üçin, Isa Mesih sizi nähili kabul eden bolsa, siz-de biri-biriňizi şonuň ýaly kabul ediň. 8 Çünki Isa Mesih Hudaýyň sadyklygyny aýan edip, ata-babalara berlen wadanyň berjaý bolmagy üçin ýahudylaryň hyzmatkäri boldy. 9 Hawa, Isa Mesih muny ýahudy dälleriň hem Hudaýy Onuň merhemeti üçin şöhratlandyrsynlar diýip etdi. Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:
«Munuň üçin milletler arasynda Seni alkyşlaryn,
men Seniň adyňa nagma aýdaryn».
10 «Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar!»
diýip hem ýazylgydyr.
11 «Rebbi şöhratlandyryň, ähli milletler!
Oňa alkyş aýdyň, eý, ähli halklar!» diýip hem ýazylgydyr.
12 Işaýa pygamberiň kitabynda hem şeýle ýazylgydyr:
«Ýyşaýyň Köki peýda bolar,
Ol halklara Hökümdar bolar,
milletler Oňa umyt baglar».
13 Mukaddes Ruhuň güýji bilen umydyňyzyň artmagy üçin, umydyň gözbaşy bolan Hudaý imanyňyz arkaly, goý, sizi şatlykdan we parahatlykdan pürepür etsin.
Pawlus öz resullygy barada aýdýar
14 Eý, doganlarym! Men siziň ýagşylykdan doludygyňyza, hemme zady bilýändigiňize, biri-biriňize öwüt bermegi başarýandygyňyza berk ynanýaryn. 15 Ýöne şonda-da, size käbir zatlary ýatlatmak üçin, şu hatymyň kä ýerini batyrgaýlyk bilen ýazdym. Çünki Hudaý maňa merhemet edip, 16 meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar. 17 Şoňa görä, busanaýsam-da, diňe Isa Mesih arkaly Hudaýa hyzmat edýändigime buýsanaryn. 18 Hawa, muny batyrgaýlyk bilen diýýärin, sebäbi başga milletleriň Hudaýa tabyn bolmagy üçin, Isa Mesihiň özüm arkaly eden işleri barada aýdýandyryn. Ol muny sözde we işde, 19 alamatlar, mugjyzalar we Mukaddes Ruhuň güýji arkaly amal etdi. Şeýlelikde, men Iýerusalimden Illiriýa welaýatyna çenli aýlanyp, Isa Mesih baradaky Hoş Habary doly ýaýratdym. 20 Meniň göwün arzuwym başga biriniň tutan binýadynyň üstünde gurman, Mesihiň ady heniz eşidilmedik ýerlerde Hoş Habary wagyz etmekdir. 21 Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:
«Ondan habarsyz bolanlar Ony görerler,
Ol hakda eşitmedikler indi düşünerler».
22 Ençeme gezek synanyşandygyma garamazdan, hut şu hyzmatym sebäpli siziň ýanyňyza köpden bäri baryp-da bilmedim.
Pawlus Rime gitmäge niýetlenýär
23 Indi bolsa bu sebitlerdäki işimi tamamladym. Men köp ýyllardan bäri size barmagy arzuw edendigim üçin, 24 Ispaniýa barýarkam ýanyňyza sowlup geçerin. Az salymlyk bolsa-da, siziň bilen didarlaşanymdan soň, ýol şaýymy tutup, meni ýola salarsyňyz diýen umydym bar. 25 Häzir bolsa Hudaýyň halkyna hyzmat etmek üçin Iýerusalime barýaryn, 26 sebäbi Makedoniýadaky we Ahaýadaky ýygnaklar Iýerusalimdäki ýygnagyň mätäçlerine maddy kömegini ibermegi makul gördüler. 27 Hawa, olar muny göwünjeňlik bilen etdiler, aslynda olar şeýle-de etmelidiler. Çünki ýahudy imanlylar başga halklar bilen öz ruhy patalaryny paýlaşdylar. Şoňa görä-de, başga halklar hem öz gezeginde olara maddy mätäçliklerinde kömek bermäge borçludyrlar. 28 Men olaryň maddy kömegini Iýerusalime ýetirip, bu işi bitirenimden soň, siziň üstüňiz bilen Ispaniýa ugramakçy. 29 Siziň ýanyňyza baranymda bolsa, bilelikde geçirjek wagtymyzy Isa Mesihiň boldan-bol ýalkajakdygyna ynanýaryn.
30 Eý, doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň we Mukaddes Ruhuň söýgüsiniň hatyrasyna ýalbarýaryn: meniň üçin Hudaýa doga-dileg etmek bilen, meniň göreşime goşulyň. 31 Hawa, Ýahudyýadaky imansyzlaryň maňa zyýan ýetirmezligi üçin, Hudaýyň şol ýerdäki halky tarapyndan Iýerusalimdäki hyzmatymyň kabul edilmegi üçin Hudaýa doga-dileg ediň. 32 Onsoň, Hudaý ýol berse, ýanyňyza şatlyk bilen baryp, siziň bilen biraz dynç alaryn. 33 Parahatlyk Hudaýy, goý, siziň baryňyza ýar bolsun! Omyn!