Pawlusyň Timoteosa ikinji haty
Giriş
Bu hat esasan-da Pawlusyň hyzmatdaşy we kömekçisi bolan Timoteosa berlen maslahatlardan ybaratdyr. Hatyň esasy mowzugy kynçylyklara we yzarlanmalara çydamly bolmak baradadyr. Pawlus Timoteosy goldap, oňa Isa Mesih baradaky şaýatlygyny dowam etmekligi, Täze we Köne Ähtiň hakyky taglymatyna eýermegi, mugallym we wagyzçy hökmünde öz borjuny berjaý etmegi maslahat berýär.
Pawlus Timoteosa aýratyn hem «boş we samsyk jedellerden gaça durmagy» ündäp, şeýle jedelleriň adamlaryň imanyny weýran edip bilýändigi barada duýdurýar.
Şular arkaly Timoteosa Pawlusyň durmuşy we şahsy göreldesi: imany, sabyrlylygy, söýgüsi, yzarlanmalardaky jebirleri we çydamlylygy barada ýatladylýar. Pawlus özüniň Isa Mesihe bolan imany üçin tiz wagtda öljekdigini, emma öz sadyklygy üçin baýrak aljakdygyny bilýär (4:6-8). Ol Timoteosa şeýle sözler bilen ýüzlenýär: «Onuň bilen bile biz ölen bolsak, Onuň bilen bile ýaşajakdyrys. Görgülere çydaýan bolsak, Onuň bilen bile şalyk süreris» (2:11-12a).
Mazmuny
Salamlar we doga-dilegler1:1-2
Şükürler we öwütler1:3–2:13
Maslahatlar we duýduryşlar2:14–4:5
Pawlusyň ýagdaýy4:6-18
Soňky salamlar4:19-22