Pawlusyň Titusa haty
Giriş
Pawlus Hoş Habary Aziýada we Gresiýada wagyz eden döwründe, Titus onuň bilen işläpdi. Olar Krit adasynda mesihiler ýygnagynyň düýbüni tutanlaryndan soň, Pawlus ýygnaga gözegçilik etmek üçin Titusy şol ýerde goýup gaýdýar. Soňra ol esasy üç mesele boýunça şu haty ýazýar.
Birinjiden, Titusa ýygnagyň ýolbaşçylygyna belleniljek adamyň nähili bolmalydygy barada ýatladylýar. Ikinjiden, ýygnakdaky dürli toparlara: gojalara, garry aýallara (olar bolsa öz gezeginde ýaş gelinlere), ýigitlere, gullara nädip öwretmelidigi barada Titusa maslahatlar berilýär. Üçünjiden, Pawlus Titusa mesihilik häsiýetleri barada ýazýar. Ol parahat, mähirli bolmalydygy, ýygnakda bölünişikleriň döremezligi üçin ýigrençden we jedellerden gaça durmagy aýratyn ündeýär.
Mazmuny
Salamlar we doga-dilegler1:1-4
Ýygnak ýolbaşçysy1:5-16
Ýygnakdaky dürli toparlaryň wezipeleri2:1-15
Öwütler we duýduryşlar3:1-11
Jemleme3:12-15