Pawlusyň Filimuna haty
Giriş
Filimun tanymal mesihileriň biri bolup, Kolosiýadaky ýygnagyň agzasy bolan bolmagy ahmal. Onuň Onesim atly guly bolupdyr. Onesim öz hojaýynyndan gaçýar we günleriň birinde tussaglykda oturan Pawlus bilen tanyşýar. Onesim Pawlus arkaly Isa Mesihe iman edýär. Pawlus Filimuna hat ýazyp, Onesimi yzyna iberýändigini aýdýar. Ol ondan öz guly bilen ýaraşmagyny, Onesimi diňe günäsi geçilen gul hökmünde däl, eýsem mesihi dogany hökmünde kabul etmegini haýyş edýär.
Mazmuny
Filimuna ýüzlenme1:1-3
Filimun üçin şükürler1:4-7
Onesim baradaky haýyş1:8-22
Soňky salamlar we doga-dilegler1:23-25