3‑nji bap
Imanlylara gelişýän ýörelge
1 Eý, oglum, imanlylara häli-şindi şulary ýatladyp dur: goý, olar hökümdarlara we ygtyýarlylara gulak asyp, olara tabyn bolsunlar, islendik wagt ýagşylyk etmäge taýyn bolsunlar. 2 Hiç kimi ýamanlamasynlar, dawa-jenjelden gaça durup, mylaýym we hemmelere ýumşak bolsunlar. 3 Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik. 4 Emma Halasgärimiz Hudaýyň mähremligi, ynsana bolan söýgüsi äşgär bolanda, 5 biz dogrulyga daýanyp eden işlerimiz arkaly däl-de, Onuň rehim-şepagaty arkaly halas edildik. Hudaý bizi Mukaddes Ruh arkaly özgerdip, gaýtadan dogluş arkaly tämizledi. 6-7 Biz Hudaýyň merhemeti bilen aklanyp, Onuň baky ýaşaýşa umyt baglaýan mirasdüşerleri bolar ýaly, Hudaý bize Halasgärimiz Isa Mesih arkaly Mukaddes Ruhy boldan-‑bol eçildi. 8 Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr. 9 Boş çekeleşiklerden, nesil daragtlary we Mukaddes Kanun hakdaky dawa-jenjellerden gaça dur. Sebäbi bular peýdasyz, biderek zatlardyr. 10 Agzalalyk döredýän adama birki gezek öwüt-nesihat ber. Emma şonda-da pälinden gaýtmasa, ondan gaça dur. 11 Beýle adamyň ýoldan azaşyp, günä edýändigini, höküm edilmä tutaryk berýändigini özüň-de bilýänsiň.
Islegler we salamlar
12 Men Artamy ýa-da Tihiki seniň ýanyňa ýollamakçy. Olardan biri barandan soň, gaýrat edip, Nikopolise, meniň ýanyma geljek bol. Sebäbi men gyşy şu ýerde geçirmegi ýüregime düwdüm. 13 Kanunçy Zenasy we Apollony ýola salmazdan öň, olaryň ýol şaýlarynyň gurat bolmagy barada alada et. 14 Biziňkiler hem miwesiz ömür sürmez ýaly, mätäçlere ýardam bermek arkaly ýagşylyk etmegi adat edinsinler. 15 Meniň ýanymdakylaryň ählisi saňa salam aýdýar. Sen hem bizi söýýän imanly doganlarymyzyň baryna salam aýt. Goý, Hudaýyň merhemeti siziň baryňyza ýar bolsun!*