Pawlusyň Filimuna haty
1‑nji bap
1-2 Isa Mesih ugrunda tussaglykda oturan men Pawlusdan eziz dostumyz we işdeşimiz Filimuna, aýal doganymyz Affiýa, söweşdeş ýoldaşymyz Arhipa we seniň öýüňde bolýan imanlylar ýygnagyna dogaýy salam! Doganymyz Timoteos hem size salam aýdýar. 3 Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun!
Şükürler we doga-dilegler
4-5 Men seniň Rebbimiz Isa Mesihe bolan imanyň we tutuş Hudaýyň halkyna bolan söýgiň hakda eşidýärin. Şoňa görä-de, seni hemişe doga-dileglerimde ýatlap, Hudaýyma şükür edýärin. 6 Men bizi birikdirýän imana görä hereket etmegiňi Hudaýdan dileýärin. Şonda sen Isa Mesihe hyzmat etmek üçin edilmeli ýagşy işlere düşünersiň. 7 Eý, doganym, sen Hudaýyň halkyny söýüp, onuň göwnüni galkyndyrdyň. Bu meni şatlyga besläp, ýüregime teselli berdi.
Pawlusyň Onesim baradaky haýyşy
8 Men Isa Mesihiň maňa berýän ygtyýary bilen saňa etmeli işleriňi buýrup-da bilerdim, 9 ýöne söýginiň hatyrasyna saňa ýalbarýaryn. Hawa, Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men goja Pawlus, 10 tussaglyk döwrümde maňa ogul bolan Onesim üçin ýalbarýaryn. 11 Birwagtlar onuň saňa hiç ýardamy ýokdy, emma indi onuň saňa-da, maňa-da ýardamy degýär. 12 Ýüregim bolan Onesimi yzyna, seniň ýanyňa ýollaýaryn*. 13 Hoş Habar ugrunda tussag edilen döwrümde seniň ýeriňe maňa hyzmat etsin diýip, ilki ony öz ýanymda alyp galmakçydym. 14 Ýöne etjek ýagşylygyň mejbury däl-de, meýletin bolar ýaly, senden birugsat hiç zat edesim gelmedi. 15 Kim bilýär, belki, Onesimiň hemişelik saňa dolanyp barmagy üçin, ol senden wagtlaýyn aýrylandyr. 16 Ol indi diňe guluň däl, eýsem söýgüli doganyň boldy. Ol meniň üçin örän ezizdir. Ýöne ol hem guluň, hem-de Reb arkaly doganyň bolup, seniň üçin has-da ezizdir. 17 Şoňa görä-de, meni dostuň hökmünde görýän bolsaň, ony meni kabul edýän ýaly kabul et. 18 Eger Onesim zerarly zyýan çeken bolsaň ýa-da ondan algyň bar bolsa, olary meniň hasabyma ýaz. 19 Men, Pawlus, muny öz elim bilen ýazýaryn: men Onesimiň bergisini bererin. Ýöne sen hem halas bolmagyňa meniň ýardam berendigimi unutma! 20 Şoňa görä-de, eý, dogan, Rebbiň haky üçin maňa ýardam et. Mesihiň hatyrasy üçin göwnümi galkyndyr. 21 Sözüme gulak asjakdygyňa, aýdanlarymy aňry ýany bilen ýerine ýetirjekdigiňe gözüm ýetensoň, şulary saňa ýazýaryn. 22 Ýene bir haýyş: meni myhman alar ýaly bir otagy taýynlap goý, sebäbi Hudaý doga-dilegleriňizi eşidip, meni ýene ýanyňyza gaýtarar diýen umydym bar.
Salamlar
23-24 Isa Mesihiň ugrunda meniň bilen tussaglykda bile bolýan Epafra, egindeşlerim Mark, Aristarh, Dema we Luka dagy saňa salam aýdýarlar. 25 Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun!