Ýewreýlere hat
Giriş
Ýewreýlere hat gitdigisaýy möwjeýän garşylyklar zerarly imandan dänme howpuna uçran mesihiler üçin ýazylandyr. Awtor Hudaýyň hakyky we iň soňky aýanlygynyň dogrudan-da Isa Mesihdigini nygtap, olary imanda berk durmaga çagyrýar. Ol üç hakykaty aýratyn belläp geçýär: (1) Isa Mesih Hudaýyň ebedi Ogludyr. Ol öz çeken jebir-jepalary arkaly Atasyna bütinleý tabyn bolmagy öwrendi. Hudaýyň Ogly hökmünde Isa Mesih Köne Ähtiň pygamberlerinden, perişdelerden, hatda Musa pygamberden-de beýikdir. (2) Isa Mesih Hudaý tarapyndan Baky Ruhany diýip yglan edilip, Köne Ähtiň ruhanylaryndan hem beýikdir. (3) Iman edýän adam Isa Mesih arkaly günäden, gorkulardan we ölümden halas edilýär. Ýahudylaryň dininde Hudaýyň gazabyndan halas bolmak üçin ýörite däp-dessurlar berjaý edilip, köp mal gurbanlyk berilýärdi. Bularyň bary bütinleý nogsansyz Baş Ruhany Isa Mesih arkaly halas edilmekligiň kölegesidi. Ysraýylyň taryhyndaky tanymal adamlaryň imanlaryny mysal getirmek arkaly (11‑nji bap) awtor öz okyjylaryny imanda sadyk galmaga çagyrýar. 12‑nji bapda bolsa olara gözlerini Isa Mesihe dikip, jebir-jepalara we yzarlanmalara garamazdan, imanlaryny soňuna çenli saklamagy ündeýär. Ýewreýlere hat öwüt-ündew we duýduryş sözleri bilen tamamlanýar.
Mazmuny
Mesih Hudaýyň jemleýji aýanlygydyr1:1-3
Isa Mesih perişdelerden üstündir1:4–2:18
Isa Mesih Musa we Ýeşuwa pygamberlerden beýikdir3:1–4:13
Isa Mesih beýik Baş Ruhanydyr4:14–7:28
Isa Mesihiň ähti iň beýik ähtdir8:1–9:22
Isa Mesih iň soňky gurbanlykdyr9:23–10:39
Imanyň ähmiýeti11:1–12:29
Hudaýy hoşnut edýän işler13:1-19
Jemleýji doga-dilegler13:20-21
Jemleme13:22-25