Ýakubyň haty
Giriş
Ýakubyň bu haty dünýäniň dürli künjeklerinde Isa Mesihe eýerýän imanlylar üçin ýazylan amaly maslahatlaryň toplumyndan ybaratdyr. Ýakup adamyň imany onuň sözlerinde däl-de, hereketlerinde aýan bolýandygyny aýdýar. Ol birnäçe mysallar arkaly imany paýhasly we amaly hereketde görkezýär. Onuň maslahatlary aýdyň we anyk: eger garyp bolsaň, ruhdan düşme. Imanyň synalanda, çydamly bol. Gaharlanmakda haýal bol. Baý adama tarapgöýlik edip, garyby peseltme. Başgalara ýagşylyk et. Diliňe we höwesleriňe gözegçilik et. Özüňi Hudaýa tabşyryp, Onuň danalygyna bil bagla. Iblise garşylyk görkez. Ýagşylyk edýändigiň bilen öwünme. Eger baý bolsaň, baýlygyňy garyplara kömek etmek üçin ulan. Sabyrly we rehimli bol, Hudaýyň kömegine mätäç adamlar üçin doga-dileg et.
Mazmuny
Salamlar1:1
Iman we danalyk1:2-8
Garyplyk we baýlyk1:9-11
Synaglar we höwesler1:12-18
Diňlemek we ýerine ýetirmek1:19-27
Tarapgöýlik etmezlik2:1-13
Iman we oňat işler2:14-26
Diliňe gözegçilik etmek3:1-18
Hudaýa tabyn bolmak4:1–5:6
Dürli amaly maslahatlar5:7-20