Petrusyň birinji haty
Giriş
Petrusyň bu haty Rim imperiýasyna degişli welaýatyň (häzirki Türkiýäniň) dürli künjeklerinde ýaşaýan mesihilere niýetlenip ýazylandyr. Olaryň köpüsi Isa Mesihe eýerendikleri üçin köp ejirlere, sögülmelere sezewar edilýärdiler. Olaryň mundan-da köp ejirlere duçar bolmagy ahmaldy. Şoňa görä-de, Petrus bu hatynda jebir-‑jepalar barada köp zatlary aýdýar. Ol Rebbe hyzmat etmekde, imanda berk durmakda jebir-jepalaryň bolýandygyny aýdyp, bulary iman synagyndan geçmegiň bir usuly hasaplaýar. Petrus jebirlere duçar bolnanda ruhdan düşmän, «tersine, Mesihiň çeken ejirlerine şärik bolýan ýaly şatlanyň» diýip öwüt berýär (4:13). Ol imanlylara Isa Mesihiň hem jebir çekendigini ýatladýar. Imanlylar dogry işleri üçin ýenjilmelere we sögülmelere sezewar edilende, Isa Mesihiň görgülerine şärik bolýandyrlar. Petrus olara şeýle jebirlere çydamly bolmagyň imanlaryny ösdürýändigi we Isa Mesihiň gaýdyp geljek gününde hormata eýe boljakdyklary barada aýdýar. Bulardan başga-da, ol öz okyjylaryna Isa Mesihe degişli adamlar ýaly ýaşamagy ündeýär.
Mazmuny
Salamlar we doga-dilegler1:1-2
Täze ýaşaýyş umydy1:3-12
Hudaýyň mukaddes halky ýaly ýaşamak1:13–2:17
Isa Mesihiň jebir çekmekdäki göreldesi2:18-25
Mesihiler we jebir-jepalar3:1–4:19
Ýygnagyň ýolbaşçylaryna öwütler5:1-11
Soňky salamlar5:12-14