5‑nji bap
Baýlara duýduryş
1 Gulak asyň, eý, baýlar, başyňyza injek betbagtçylyklar üçin perýat edip aglaň! 2 Baýlygyňyz çüýräp, eşikleriňizi güýe iýendir. 3 Altyndyr kümşüňiz poslandyr, olaryň posy siziň garşyňyza şaýatlyk edip, bedeniňizi ot kimin iýer. Siz ahyrky günlerde baýlyk topladyňyz. 4 Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi. 5 Siz bu dünýäde bolçulykda we keýpi-sapada ýaşadyňyz, özüňizi kyýamat güni soýulmak üçin semretdiňiz. 6 Özüňize garşy çykmasa-da, bigünä adamy höküm edip öldürdiňiz.
Sabyr-takatly boluň!
7 Eý, doganlar, Reb gelýänçä, sabyr-takatly boluň! Serediň, daýhan güýzki hem ýazky ýagşa nähili sabyrly garaşýar. Ol topragyň bol hasyl bererine garaşýar. 8 Siz hem sabyr-takatly boluň! Mert boluň, sebäbi Rebbiň geljek güni golaýlady. 9 Eý, doganlar, özüňize höküm edilmez ýaly, biri-biriňiziň garşyňyza şikaýat etmäň. Ine, Kazy bosagada dur! 10 Eý, doganlar, başyna düşen ejirlerde sabyr-takatly bolup, Rebbiň adyndan geplän pygamberlerden görelde alyň. 11 Bilşiňiz ýaly, biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygy hakda eşidensiňiz, iň soňunda onuň üçin Rebbiň nämeler edendigini-de bilýänsiňiz. Hawa, Reb merhemetli we rehim-şepagatlydyr. 12 Ozaly bilen, eý, doganlarym, höküm edilmeziňiz ýaly, gökdenem, ýerdenem, mahlasy hiç zatdan ant içmäň. Jogabyňyz diňe «hawa» ýa-da, «ýok» bolsun.
Doga-dileg etmegiň güýji
13 Araňyzda biri ejir çekýärmi? Goý, ol Hudaýa doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Hudaýa alkyş nagmalaryny aýtsyn. 14 Araňyzda biri syrkawmy? Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag guýup, onuň üçin Hudaýa doga etsinler. 15 Iman bilen edilen doga-dileg näsaga şypa berer, Reb ony aýaga galdyrar. Eger ol günä gazanan bolsa, onuň günäsi geçiler. 16 Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-‑biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir. 17 Ylýas hem biziň ýaly adaty bir ynsandy. Ol ýagyş ýagmasyn diýip, yhlas bilen dileg etdi. Şeýlelikde, üç ýyl alty aýlap ýer ýüzüne ýagyş ýagmady. 18 Soňra ol ýene dileg etdi we asmandan ýagyş ýagyp, ýer hasyl berdi. 19-20 Doganlarym, şuny ýatda saklaň: eger araňyzdan biri hakykat ýolundan azaşsa we başga biri ony ýene ýola salsa, günäkäri dogry ýola salan adam bir jany ölümden halas edip, köp günäleriniň üstüni örtýändir.