Petrusyň ikinji haty
Giriş
Petrusyň ikinji haty häzirki Türkiýäniň çäklerinde, belki, ondan hem uzakdaky çäklerde ýaşan mesihiler üçin ýazylypdy. Galp pygamberler we mugallymlar ýygnaklara täsirlerini ýetirip, Isa Mesihe eýerýän imanlylary hakykatdan azaşdyrmaga we azdyrmaga synanyşýardylar. Emma Petrus ýygnakdaky imanlylara Hudaý we Isa Mesih barada ilkibaşda öwredilen taglymata berk eýermegi tabşyrýar. Ol bu taglymatyň örän ygtybarlydygyny nygtaýar. Sebäbi bu taglymaty olara Isa Mesihi öz gözleri bilen gören we Onuň taglym berşini öz gulaklary bilen eşiden a damlar ýetiripdiler. Galp mugallymlar öz betpäl niýetlerini amala aşyrmak üçin hereket edenlerinde, mesihiler imanda berk durup, dogry ýaşamakda görelde bolmalydyrlar. Olar düşünjeli, sabyr-takatly bolup, özlerine erk etmegi başarmalydyrlar, Hudaýy we hemme adamlary söýýändiklerini görkezmelidirler.
Ýalan mugallymlaryň: «Isa Mesih gaýdyp gelmez» diýip imanlylary azdyrmagy Petrusy uly alada goýýardy. Ol imanlylara ýüzlenip, şeýle diýýär: «Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär» (3:9).
Mazmuny
Salamlar we doga-dilegler1:1-2
Imanda we ýagşylykda ösüň1:3-15
Hakykatda berk duruň1:16-21
Galp mugallymlardan ägä boluň2:1-22
Rebbiň gününe sadyklyk bilen garaşyň3:1-18