Ýohannanyň birinji haty
Giriş
Ýohannanyň birinji hatynyň esasy iki maksady bar: awtor okyjylary Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga höweslendirýär we bu gatnaşygy weýran edýän galp taglymatlardan ägä bolmagy tabşyrýar. Sebäbi imanlylaryň käbiri galp mugallymlar tarapyndan aldawa salynýardy. Şeýle mugallymlar soňra ýygnakdan kowulýar. Olaryň ýalan taglymaty maddy zatlaryň ählisi ýaramaz, diňe ruhy zatlar gowy diýip öwredýärdi. Olaryň şeýle taglymaty Isa Mesih hakyky adam bolup bilmeýär diýip ykrar edýärdi. Galp mugallymlar ruhy taýdan kämil bolan adama ahlak kanunlaryna üns bermek ýa-da başgalary söýmek hökman däl diýip öwredýärdiler.
Ýohanna bu galp taglymaty puja çykaryp, Isa Mesihiň dogrudan-da adam bolandygyny aýdyň mälim edýär. Ol Isa Mesihe iman edýän we Hudaýy söýýän her kesiň Hudaýyň tabşyryklaryna gulak asmalydygyny nygtaýar. Ýohanna imanlylar üçin iň uly tabşyrygyň birek-biregi söýmekden, muny iş ýüzünde görkezmekden ybaratdygyny aýdýar. Sebäbi Isa Mesihiň Öz janyny biziň üçin gurban edip, bize bolan söýgüsini aýdyň görkezdi.
Mazmuny
Ýaşaýyş Sözi baradaky şaýatlyk1:1-4
Nur we tümlük1:5–2:29
Hudaýyň perzentlerini nädip saýgarmaly3:1-24
Hakykat we ýalan4:1-6
Birek-biregi söýmek4:7-21
Ýeňiş getirýän iman5:1-21