13‑nji bap
Soňky öwüt-nesihatlar
1 Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüp ýaşaň! 2 Myhmansöýer boluň. Çünki myhmansöýer adamlaryň käbiri perişdeleriň kimdigini bilmezden olary myhman aldylar. 3 Tussagdaky doganlaryňyzy unutmaň, özüňiz hem şolar bilen tussagda bolýan kimin, olary ýatlap duruň. Horluk çekýänleri unutmaň, özüňizi olaryň ornuna goýup görüň. 4 Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder. 5 Puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi Hudaý: «Men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin» diýdi. 6 Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».
7 Hudaýyň sözüni size ýetiren ýolbaşçylaryňyzy ýada salyň. Olaryň nähili gowy durmuşda ýaşap geçendigi barada pikir ediň. Olaryň sadyklygyndan görelde alyň. 8 Isa Mesih düýn hem, bu gün hem, ebedilik Şoldur, Ol üýtgemeýändir. 9 Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir. 10 Biziň bir gurbanlyk sypamyz bardyr, ýöne Mukaddes çadyrda hyzmat edýän ruhanylaryň ondan iýmäge haky ýokdur. 11 Gurbanlyk mallarynyň ganyny baş ruhany Iň mukaddes otaga getirip, günä üçin hödürleýär, emma olaryň maslygy düşelgeden daşarda ýakylýar. 12 Şoňa görä, Isa hem şäher derwezesinden daşarda ejir çekip öldi. Ol halkyny Öz gany bilen päkledi. 13 Geliň, bizem Onuň çydan kemsidilmelerine çydap, düşelgeden daşary – Onuň ýanyna gideliň, 14 çünki biziň bu ýerde baky şäherimiz ýokdur, biz geljekki baky şähere garaşýarys. 15 Şonuň üçin hem Isa arkaly Hudaýa gurbanlyk hökmünde hemişe öwgi bagyş edeliň. Onuň adyna alkyş aýdalyň! 16 Ýagşylyk etmegi we elde baryňyzy beýlekilere eçilmegi unutmaň, sebäbi şunuň ýaly sadakalar Hudaýa ýaraýandyr.
17 Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara tabyn boluň. Olar siziň janyňyz üçin Hudaýa hasabat bererler. Olaryň sözüne gulak asyň, sebäbi olar size gözegçilik edýändirler. Goý, olar borçlaryny şatlyk bilen ýerine ýetirsinler, gaýgy-hasrat çekmesinler, ýogsam, munuň size peýdasy degmez. 18 Biziň üçin Hudaýa dileg ediň. Biz wyždanymyzyň arassadygyna ynanýarys we hemme tarapdan hemişe hormata mynasyp bolup ýaşamak isleýäris. 19 Ýanyňyza basym dolanyp barmagym üçin dileg etmegiňizi aýratyn haýyş edýärin.
20-21 Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi* ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi* kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.
22 Eý, doganlar, size ýazan bu gysga hatymdaky öwüt-ündewlerimi çyn ýürekden kabul etmegiňizi haýyş edýärin. 23 Doganymyz Timoteosyň tussaglykdan boşandygyndan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Ýanyma gelen badyna, sizi görmäge özüm bilen bile ony hem alyp bararyn. 24 Ähli ýolbaşçylaryňyza we Hudaýyň tutuş halkyna salam aýdyň. Italiýaly doganlar size salam ýollaýarlar. 25 Hemmäňize Hudaýyň merhemeti ýar bolsun!*