12‑nji bap
Reb söýýänini terbiýeleýändir
1 Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň. 2 Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy. 3 Siz aryp, ruhdan düşmez ýaly, Isa hakda pikir ediň. Ol günäliler tarapyndan köp ezýet çekip, hemmesine çydady. 4 Günä garşy alyp barýan söweşiňizde, siz entek ganyňyz dökülýänçä garşylyk görkezmediňiz. 5 ‡Üstesine-de, Hudaýyň size Öz perzentleri hökmünde aýdan bu öwüt-nesihatyny-da unutdyňyz:
«Oglum, Rebbiň terbiýesine biperwaý bolma,
Onuň käýinjine ruhdan düşme.
6 Çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir,
kabul eden perzendine temmi berýändir».
7 Terbiýelenmekde çydamly boluň. Çünki Hudaý sizi Öz perzentleri kimin terbiýeleýär. Eýsem, haýsy ogla atasy terbiýe bermeýär? 8 Eger Hudaý sizi hemmeleri terbiýeleýşi ýaly terbiýelemese, onda siz Hudaýyň perzendi däl-de, çöp düýbüsiňiz. 9 Mundan başga-da, bize terbiýe beren dünýewi atalarymyz bardy, biz olara hormat goýýarys. Eger şeýdýän bolsak, ruhy Atamyza has-da berk tabyn bolup ýaşamaly dälmi? 10 Atalarymyz bize öz bilişlerine görä, gysga wagtlyk terbiýe beripdiler. Hudaý bolsa biziň hem Onuň ýaly päk bolup bilmegimiz üçin bize terbiýe berilýär. 11 Adam terbiýe alanda şatlanmaýar, gaýtam, agyry çekýär. Emma şeýle terbiýe alandan soňra, ol dogrulykda we parahatlykda ýaşaýandyr.
12 Şonuň üçin ejiz gollara gujur beriň, epilen dyzlara kuwwat beriň! 13 ‡«Aýaklaryňyz üçin dogry ýoly saýlap alyň». Şeýdip, goý, araňyzdaky ejiz we agsak adamlar ýykylmasynlar, tersine, şypa tapsynlar.
Hudaýy ret etmäň
14 Hemmeler bilen oňşukly boluň. Halal ýaşamaga dyrjaşyň, ýogsa Rebbi görüp bilmersiňiz. 15 Hüşgär boluň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmasyn. Bir ajy kök gögerip, size ezýet bermesin, köp adamlar munuň bilen zäherlenmesin. 16 Hiç kim zynahorlyk etmesin, nowbaharlyk hakyny bir okara nahara satan Ysaw ýaly Hudaýa äsgermezlik etmesin. 17 Bilşiňiz ýaly, biraz wagtdan soňra Ysaw atasynyň patasyny almak isledi, emma ret edildi. Munuň üçin gözýaş döküp ýalbarsa-da, edilen karary üýtgedip bilmedi.
18 Siziň ýakynlaşan dagyňyz elläp görüp bolýan Sinaý dagy ýaly däldir. Sinaý dagynda alawly ot ýanýardy, dagyň üstüni tümlük, gara bulut örtüp, gaý-harasat turýardy, 19 surnaý sesi ýaňlanyp, Hudaýyň owazy eşidilýärdi. Muny eşiden adamlar Hudaýyň özlerine ikilenç geplemezligi üçin ýalbarypdylar. 20 ‡Sebäbi: «Daga hatda haýwan hem galtaşsa, daşlansyn» diýen Hudaýyň buýrugyna olar çydap bilmändiler. 21 ‡Görnüş şeýle bir gorkunçdy welin, Musanyň özi: «Gorkudan ýaňa titreýärin» diýipdi. 22 Siz bolsa Sion dagyna, diri Hudaýyň şäheri bolan göge degişli Iýerusalime, şagalaňly üýşmeleňe ýygnanan müňlerçe perişdeleriň huzuryna golaýlaşdyňyz. 23 Hudaýyň perzentleriniň ýygnagyna golaýlaşdyňyz, olaryň atlary gökde ýazylandyr. Hemmäniň Kazysy bolan Hudaýyň huzuryna geldiňiz. Hudaýyň owal-başdan kämillige ýetiren adamlarynyň öňüne geldiňiz. 24 Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.
25 Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry. 26 ‡Şol wagt Hudaýyň sesi ýeri sarsdyrypdy, emma indi Ol: «Men ýene bir gezek diňe ýeri däl, gögi-de sarsdyraryn» diýip söz berdi. 27 «Ýene bir gezek» diýen söz titräýjek zatlaryň, ýagny ýaradylan zatlaryň aradan aýryljakdygyny, yranmaz zatlaryň ebedi galjakdygyny aňladýar. 28 Şonuň üçin hem yranmaz patyşalyga gowşandygymyz üçin şükür edeliň. Hudaýy hoşnut etmek üçin Oňa tabynlyk hem gorky bilen sežde edeliň, 29 sebäbi Hudaýymyz ýakyp-ýandyryjy otdur.