Ýewreýlere hat
1‑nji bap
Ogul perişdelerden üstündir
1 Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi. 2 Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň* üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi. 3 Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy. 4 Şeýlelikde, Oglunyň perişdelerden üstün bolşy ýaly, Oňa berlen at hem perişdeleriňkiden üstün boldy.
5 ‡Eýsem Hudaý perişdeleriň haýsy birine: «Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men Saňa Ata boldum» ýa-da «Men Oňa Ata, Ol bolsa Maňa Ogul bolar» diýipdir? 6 ‡Hudaý ýeke-täk Ogluny dünýä iberende: «Goý, Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsinler!» diýdi. 7 ‡Hudaý perişdeler hakda: «Men perişdelerimi ýel edýärin, hyzmatkärlerimi ot-alaw edýärin» diýýär. 8 ‡Emma Ogla şeýle diýýär:
«Eý, Hudaý, Seniň şalygyň dowam eder baky ebedi,
Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.
9 Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň pisligi.
Şonuň üçin Men Hudaý, Seniň Hudaýyň,
Seni ýoldaşlaryň içinden seçip-saýladym,
başyňa şatlyk ýagyny guýdum*».
10 ‡Ogla ýene-de şeýle diýýär:
«Ýa Reb, Sen gadymyýetde ýeriň binýadyn tutduň,
gökler hem Seniň elleriňiň işidir.
11 Olar ýitip gider, Sen bolsa dowam edersiň,
olar köne eginbaş kimin dargap giderler.
12 Sen olary köýnek kimin düýrlärsiň;
olar tozup gidýän eginbaş kimin çalşyrylar.
Emma Sen hiç haçan üýtgemersiň,
soňy ýokdur Seniň ýyllaryň».
13 ‡Hudaý haýsy perişdä:
«Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur» diýipdir?
14 Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.