4‑nji bap
Hyzmatyňy dowam et!
1 Hudaýyň huzurynda, şeýle hem dirilere we ölülere kazylyk etjek Isa Mesihiň huzurynda, Onuň gelmeginiň we şalyk sürmeginiň hatyrasyna saňa şulary berk tabşyrýaryn: 2 pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret. 3 Çünki adamlaryň sagdyn taglymaty diňläsi gelmejek zamanasy geler. Şonda olar öz höweslerine ýaraşykly, gulaklaryna-da ýakymly sözleri aýtjak öwredijileri gözlärler. 4 Olar hakykata gulak asman, toslamalaryň yzynda selpärler. 5 Sen bolsa her ýagdaýda hüşgär bol, görgülere dözümli bol, Hoş Habary ýaýratmak ugrunda zähmet çek, özüňe tabşyrylan hyzmaty doly bitir. 6 Çünki meniň ganym Hudaýa hödür edilýän içgi sadakasy kimin döküljek bolup dur. Bu dünýäden ötmeli pursadym ýetdi. 7 Men ökde söweşiji kimin söweşdim, pellehana ýetdim, imanyma sadyk galdym. 8 Dogrulyk Kazysy bolan Reb Isa Öz geljek gününde maňa dogrulyk täjini baýrak berer. Ol bu baýragy diňe maňa däl, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlaryň her birine berer.
Soňky tabşyryklar
9 Meniň ýanyma basymrak geljek bol, 10 sebäbi Dema bu dünýäni söýensoň, meni taşlap, Salonikä gitdi. Kriskis Galatýa, Titus hem Dalmatýa gitdi. 11 Ýanymda diňe Luka galdy. Gaýdanyňda Marky hem alyp gaýt, sebäbi hyzmatymy bitirmekde maňa kömegi deger. 12 Tihiki bolsa Efese ýolladym. 13 Gaýdanyňda, ýol ugruna Troasda Karbyň ýanynda goýup gaýdan donumy, kitaplarymy, ylaýta-da teletinden edilen kitaplary alyp gaýt. 14 Demir ussasy Isgender maňa ýamanlyk baryny etdi. Reb oňa edenlerine görä jezasyny berer. 15 Sen hem ondan ägä bol, sebäbi ol biziň aýdýanlarymyzyň baryna bütinleý garşy çykypdy. 16 Kazyýet mejlisinde özümi ilkinji gezek aklamakçy bolanymda, tarapymy tutan bolmady. Gaýtam, hemmeler meni terk etdiler. Goý, Hudaý olaryň bu günäsini bagyşlasyn. 17 Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi. 18 Ol meni her dürli ýamanlyklardan halas edip, meni gökdäki Şalygyna sag-aman ýetirer. Rebbe baky we ebedi şan-şöhrat bolsun! Omyn.
19 Priskilla, Akila we Onisiforyň öýündäkilere salam aýt. 20 Erast Korintosda galdy. Trofymy bolsa ýarawsyzlygy sebäpli Militosda galdyrmaly boldum. 21 Gyş düşmänkä geljek bolup gaýrat et. Ewul, Pudens, Linus, Klawdiýa we imandaky doganlaryň bary saňa salam aýdýar. 22 Reb saňa ýar bolsun! Onuň merhemeti siziň baryňyza ýar bolsun!