2‑nji bap
Isa Mesihe sadyklyk bilen eýeriň
1 Eý, oglum, Isa Mesihiň berýän merhemeti bilen kuwwatlan. 2 Köp şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek ygtybarly adamlara tabşyr. 3 Isa Mesihiň hakyky esgeri bolup, biziň iman ugrunda görýän görgülerimize şärik bol. 4 Harby gullukdaky esger gündelik durmuşa degişli işlere ulaşýan däldir. Ol öz serkerdesiniň göwnünden turmak isleýändir. 5 Şunuň ýaly, ýaryşa gatnaşýan pälwan hem ýaryşyň şertlerini berjaý etmese, baýrak almaz. 6 Janypkeş daýhan hem öz hasyl paýyny ilkinji bolup almalydyr. 7 Şu aýdýanlarym barada oýlan. Bularyň baryna düşüneriň ýaly, Rebbiň Özi saňa düşünje berer.
8 Dawudyň neslinden bolan we ölümden direlen Isa Mesihi unutma. Bu meniň wagyz edýän Hoş Habarymdyr. 9 Men Hoş Habaryň ugrunda görgi baryny görüp, jenaýatçy kimin tussag edildim. Emma Hudaýyň Hoş Habaryny tussag edip bolýan däldir! 10 Ine, hut şu sebäpden, saýlananlar hem baky şöhrat bilen birlikde Isa Mesih arkaly halas bolar ýaly, olaryň hatyrasyna ähli zada döz gelýärin. 11 Ine, şu sözler örän dogry aýdylan sözlerdir: Onuň bilen bile biz ölen bolsak, Onuň bilen bile ýaşajakdyrys. 12 Görgülere çydaýan bolsak, Onuň bilen bile şalyk süreris. Eger Ony ret etsek, Ol hem bizi ret eder. 13 Emma biz Oňa sadyk galmasak-da, Ol bize sadykdyr, sebäbi Ol Özüni ret edip bilmeýär.
Hudaýyň halaýan işçisi
14 Bu zatlary hemmelere ýatladyp dur. Sözleriň manysy barada dawalaşmazlygy olara Hudaýyň huzurynda berk tabşyr. Sebäbi şeýle dawalar peýda getirmän, diňleýänleri heläkçilige uçradýandyr. 15 Hudaýyň huzurynda öz edýäninden utanmajak, hakyky taglymaty dogry öwredýän işçi hökmünde durup bileriň ýaly, jan-tenden yhlas et. 16 Hudaýa ýaramaýan boş geplerden gaça dur. Sebäbi şeýle geplere ulaşýan adamlar gitdigisaýy Hudaýdan daşlaşýandyrlar. 17 Olaryň öwredýän taglymaty bolsa ýokanç kesel kimin ýaýrar. Himeneý bilen Filit hem şolardan bolup, 18 hakykat ýolundan azaşandyrlar. Olar direliş eýýäm amala aşdy diýip, käbir adamlaryň imanyny weýran edýärler. 19 Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.
20 Uly hojalykdaky gaplaryň ählisi altyndan we kümüşden däldir. Olaryň arasynda agaçdan, toýundan ýasalanlary hem bardyr. Olaryň käbiri dabaraly, käbiri bolsa adaty maksatlar üçin ulanylýandyr. 21 Imanlylar babatda hem şeýle: özüni her tüýsli ýamanlykdan saklaýan imanly ýörite saýlanylyp, Hojaýyny üçin ýaramly gap kimin bolar. Ol islendik ýagşy işler üçin taýýardyr.
22 Ýaşlyk höweslerinden gaç. Päk ýürekden Rebbe ybadat edýänler bilen birlikde dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk ýörelgelerine eýer. 23 Boş we samsyk jedellerden gaça dur. Sebäbi dawalaryň şolardan döreýändigini özüň bilýänsiň. 24 Rebbiň hyzmatçysy dawalaşmaly däldir, tersine, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyr-takatly bolmalydyr. 25 Ol özüne garşy çykýan adamlara hem ýumşaklyk bilen öwüt-ündew bermelidir. Belki, Hudaý bu adamlaryň hem toba gelmegine bir ýol açar. Olar-da hakykaty bilip, 26 akylyna aýlanarlar, iblisiň duzagyndan gutularlar. Sebäbi iblis olary ýesirlige alyp, öz niýetini amala aşyrmaga mejbur edýändir.