2‑nji bap
1 Şoňa görä, eý, Timoteos, ilki bilen şulary ündeýärin: hemmeler üçin doga--dileg ediň, olar üçin Hudaýa ýalbaryň, Oňa minnetdarlyk bildiriň. 2 Parahat we gep-gürrüňsiz, her zatda Hudaýyň ýörelgesine eýerip, edepli ýaşap bilerimiz ýaly, patyşalar we ygtyýarlylaryň ählisi üçin doga-dileg ediň. 3 Bu haýyrlydyr, Halasgärimiz Hudaýyň halaýanydyr. 4 Ol hemme adamlaryň hakykaty bilip, halas bolmagyny isleýändir. 5 Çünki ýeke-täk bir Hudaý bardyr. Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem ýeke-täk bir Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Isa Mesihdir. 6 Isa Mesih hemmeleri azat etmek üçin, Özüni gurban etdi. Şeýdip, Ol Hudaýyň niýetini tassyklady. Hudaýyň niýeti bolsa gelejekde her bir adamy Öz bellän wagtynda halas etmekden ybaratdyr. 7 Hut şu maksat üçin, men jarçy we resul edilip bellendim. Dogrymy aýdýaryn, sözlerimde asla ýalan ýokdur: men ýahudy dällere iman baradaky hakykaty öwretmäge bellendim. 8 Şoňa görä-de, erkekleriň gaharlanman, jedelleşmän, ähli ýerde ellerini galdyryp, päk ýürekden doga--dileg etmeklerini isleýärin.
9 Aýallar hem saçlaryny gereginden artyk owadanlamasynlar, özlerini tylla we merjen şaý-sepleri, gymmatbaha eginbaşlary bilen bezemesinler. Tersine, sada geýnip, asyllylyk we haýa bilen 10 öz ýagşy işlerine beslensinler. Hudaýyň ýörelgelerine eýerýändiklerini ykrar edýän aýallara şeýle etmek ýaraşýandyr. 11 Aýal ýygnakda öwredilýän zatlary ümsüm we doly tabynlykda öwrensin. 12 Aýalyň ýygnakda öwretmegine, erkegiň üstünden agalyk sürmegine ygtyýar bermeýärin. Ol sessiz-üýnsüz bolsun. 13 Çünki ilki Adam ata, onsoň How ene ýaradyldy. 14-15 Aldananam Adam ata däldi. Aýal aldanyp, günä gazandy we näletlenip, dogrum burgularyna sezewar edildi. Emma aýal iman edip, söýgi we halallyk ýörelgelerine eýerse, bu nälete garamazdan halas ediler.