3‑nji bap
Ýygnagyň ýolbaşçylary we hyzmatçylary
1 «Kim ýygnagyň ýolbaşçysy bolmagy ýüregine düwen bolsa, asylly işe ymtylýandyr» diýip aýdylan söz gaty dogrudyr. 2 Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply, 3 şeraba höwesjeň däl, zalym däl-de, mylaýym, dawa-jenjelden gaça durýan, pula gyzmaýan adam bolmalydyr. 4 Ol öz öýüni oňat dolandyrmaly, çagalarynyň hormatyny gazanyp, olara öz diýenini etdirmelidir. 5 Sebäbi öz öýüni dolandyryp bilmeýän adam, heý-de Hudaýyň ýygnagynyň aladasyny edip bilermi?! 6 Ýygnagyň ýolbaşçysy ýaňy-ýakynda iman getireniň biri bolmaly däldir. Ýogsa ol tekepbirlige ýüz urup, iblisiň sezewar edilen jezasyna uçramagy ahmal. 7 Biabraýlyga uçramaz ýaly we iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndaky adamlaryň arasynda hem sylanylýan bolmalydyr.
8 Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçylary hem sylanýan, ikiýüzli däl, şeraba ýykgyn etmeýän, gara nebsine çapmaýan adamlar bolmalydyr. 9 Olar päk wyždanly bolup, Hudaýyň bize Isa Mesih barasynda aýan eden hakykatyna eýermelidir. 10 Ýygnagyň hyzmatçylary bellenilmezden öňürti synalsyn. Eger müýnsüz bolup çyksalar, goý, hyzmat edibersinler. 11 Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçy aýallary hem hormatlanýan, gybat etmeýän, tersine, özlerine erk edýän we her zatda ynamdar bolmalydyr. 12 Ýygnagyň hyzmatçylary öz aýallaryna biwepalyk etmeýän, çagalaryny we öýlerini oňat dolandyrýan adamlar bolsunlar. 13 Oňat hyzmat edýän hyzmatçylar adamlaryň hormatyna mynasyp bolup, Isa Mesihe bolan imanlary barada ynamly gürläp bilýändirler.
14 Eý, Timoteos! Men tiz wagtda seniň ýanyňa bararyn umydy bilen şu ündewleri ýazýaryn. 15 Ýöne bardy-geldi eglenmeli bolaýsam, sen Hudaýyň maşgalasynyň, ýagny hakykatyň binýady we diregi bolan diri Hudaýyň ýygnagyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmelisiň. 16 Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa \w Mesih* ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.