2‑nji bap
Pawlusyň Iýerusalime ikinji sapary
1 Men on dört ýyldan Barnap bilen ýene-de Iýerusalime gitdim. Bu gezek biziň bilen Titus-da gitdi. 2 Meni ol ýere Rebbiň ylhamy alyp bardy. Iýerusalimdäki ýygnaklaryň ýolbaşçylary bilen aýratyn duşuşyp, olara keseki milletlere wagyz edýän Hoş Habarymy beýan etdim. Men muny öňki-soňky edenlerimiň bary puja çykaýmasyn diýip etdim. 3 Olar bolsa ýanymdaky Titusy, hatda onuň grekdigine-de garamazdan, ony sünnetlenmäge mejbur etmediler. 4 Sünnetlenme meselesi käbir dogansumaklar zerarly ýüze çykypdy. Olar bizi gul etmek üçin, aramyza ogrynça sümlüp, Isa Mesih arkaly alan azatlygymyzy gizlinlikde aňtadylar. 5 Emma Hoş Habaryň hakykaty siziň bilen galsyn diýip, biz bu dogansumaklara bir pursat-da eglişik etmedik.
6 Ýygnagyň ýolbaşçylary meniň wagyz edýän Hoş Habaryma hiç zat goşmadylar. (Olar kim bolsalar-da, maňa parhy ýok, sebäbi Hudaý adamyň daş keşbine garamaýar!) 7 Ýygnagyň ýolbaşçylary Hoş Habary ýahudylara wagyz etmekligiň Petrusa berlişi ýaly, maňa-da ýahudy dällere wagyz etmekligiň berlendigini gördüler. 8 Olar ýahudylara resullyk etmäge Petrusy bellän Hudaýyň meni-de ýahudy dällere resullyk etmäge belländigine, 9 maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk. 10 Ýöne olar mätäçlik çekýän doganlary ýatdan çykarman, olara kömek etmegimizi haýyş etdiler. Men hem muny berjaý etmek üçin elimde baryny gaýgyrmadym.
Pawlus Antakiýada Petrusyň ýalňyşyny düzedýär
11 Petrus Antiýoha gelende, onuň goýberen ýalňyşyny aç-açan ýüzüne aýdyp, oňa garşy çykdym. 12 Petrus Ýakubyň iberen adamlary gelmezden ozal, keseki milletler bilen bir saçak başynda iýip-içýärdi. Emma şol adamlar gelende, Petrus sünnet edilmegi ündeýänlerden gorkup, keseki milletlerden çetleşip, olar bilen gatnaşygy kesdi. 13 Onuň bilen birlikde beýleki ýahudylar hem ikiýüzlülige ýüz urdular, hatda Barnap hem olaryň ikiýüzlüliginden ýaňa dogry ýoldan azaşdy. 14 Men olaryň edýän hereketleriniň Hoş Habaryň hakykatyna laýyk däldigini gördüm. Şonda men hemmeleriň öňünde Petrusyň ýüzüne gelip, şeýle diýdim: «Sen ýahudy bolsaň-da, ýahudylar ýaly ýaşamaýarsyň. Sen başga milletler ýaly ýaşaýarsyň. Onsoň sen näme üçin başga milletleri ýahudylar ýaly ýaşamaga mejbur edýärsiň? 15 Biz aslymyz boýunça ýahudydyrys, günäli saýylýan keseki milletlerden däldiris. 16 Adam Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, diňe Isa Mesihe bolan imany arkaly aklanýandyr. Muny hatda biz hem bilýäris. Şoňa görä-de, biz Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, Isa Mesihe bolan imanymyz arkaly aklanmak üçin, Oňa iman etdik. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly hiç kim aklanýan däldir. 17 Mukaddes Kanun bizi, ýagny Mesih arkaly aklanmakçy bolýanlary hem günäli çykarýar. Onda Mesih günäniň gullukçysy bolýarmy? Ýok, bu düýbünden beýle däl! 18 Men kanunçylyk binasyny ýykdym. Indi ony gaýtadan dikeltsem, onda kanuny bozýandygymy özüm tassyklaýaryn. 19 Mukaddes Kanunyň özi meni ölüme höküm etdi. Şoňa görä-de, men Mukaddes Kanun üçin öli bolup, indi onuň gözegçiliginde däldirin. Men indi Hudaý üçin ýaşaýandyryn. Men Mesih bilen haça çüýlendim: 20 indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna* bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi. 21 Men Hudaýyň merhemetini inkär etmeýärin. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly aklanyp bolýan bolsady, onda Mesihiň ölümi biderek bolardy».