Pawlusyň galatýalylara haty
1‑nji bap
1-2 Men, resul Pawlus we ýanymdaky doganlarymyň ählisi Galatýadaky imanlylar ýygnagyna şu hat bilen dogaýy salam iberýäris. Meni resullyga ynsanlar däl-de, Isa Mesih we Ony ölümden direlden Ata Hudaý belledi. 3 Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun. 4 Atamyz Hudaýyň yradasyna görä, Rebbimiz Isa bizi şu azgyn döwürden halas etmekçi bolup, günälerimiz üçin Özüni gurban etdi. 5 Oňa ebedilik şan-şöhrat bolsun! Omyn!
Hoş Habar ýeke-täkdir
6 Men Isa Mesihiň merhemeti bilen sizi çagyran Hudaýdan beýle tiz dänip, başga bir «hoş habary» kabul edişiňize örän haýran galýaryn. 7 Başga bir Hoş Habar ýokdur. Ýöne käbir adamlar sizi bulaşdyryp, Mesihiň Hoş Habaryny üýtgetjek bolýarlar. 8 Emma hatda biz ýa-da asmandan inen bir perişde size öň wagyz eden Hoş Habarymyzdan başga bir «hoş habary» wagyz etse, goý, näletli bolsun! 9 Biziň size ozal aýdanlarymyzy men ýene-de gaýtalaýaryn: kimdir biri size ozal kabul eden Hoş Habaryňyzdan başgasyny wagyz etse, goý, lagnatly bolsun!
Pawlusyň wagyz eden Hoş Habary ynsandan däldir
10 Şunlukda, men kimiň göwnünden turmakçy bolýaryn: adamlaryňmy ýa-da Hudaýyň? Eýsem men adamlara ýaranjak bolýarynmy? Eger men adamlara ýaranmakçy bolsadym, onda Mesihiň hyzmatçysy bolmazdym. 11 Eý, doganlar, siziň şuny bilmegiňizi isleýärin: meniň wagyz eden Hoş Habarym ynsandan däldir. 12 Men ony ynsandan kabul etmedim ýa-da öwrenmedim. Maňa ony Isa Mesihiň hut Özi aýan etdi. 13 Siz meniň ýahudylaryň dinindekäm ýaşan durmuşym barada eşidensiňiz: men Hudaýyň ýygnaklaryny güýçli yzarlap, olary ýok etmekçidim. 14 Men ýahudy deň-duşlarymyň köpüsinden ýahudylaryň dininde diýseň ilerläpdim. Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny saklamakda hem juda yhlaslydym. 15-16 Emma Hudaý merhemet edip, meni eneden dogulmankam saýlap çagyrdy. Ol Hoş Habary keseki milletlere wagyz etmegim üçin, maňa Öz Ogluny aýan etmegi makul bildi. Şonda men hiç kime geňeşmedim 17 ýa-da menden öň resul bolanlary görmek üçin hatda Iýerusalime-de gitmedim. Men Arabystana gidip, soňra ýene Damaska dolandym.
18 Şondan üç ýyl soň Petrus* bilen tanyşmak üçin Iýerusalime gidip, onuňkyda birki hepde boldum. 19 Şonda men ol ýerde Rebbimiz Isanyň inisi Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim. 20 Size ýazýanlarymyň bary hakykatdygy babatda men Hudaýyň öňünde güwä geçýärin. 21 Soňra men Siriýa we Kilikiýa sebitlerine gitdim. 22 Isa Mesihiň Ýahudyýa ýurdundaky ýygnaklary meniň hut özüm bilen tanyş däldiler. 23 Olar men barada: «Birwagt bizi yzarlap, ýok etmekçi bolan imanyny indi özi wagyz edýär» diýen habary eşidipdiler. 24 Olar Hudaýyň meni özgerdenini görüp, Ony şöhratlandyrdylar.