11‑nji bap
1 Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz-de menden görelde alyň.
Edepli ybadat
2 Meni elmydama ýatlaýandygyňyz, taglymaty size tabşyryşym ýaly saklaýandygyňyz üçin sizi öwýärin. 3 Emma şuňa hem aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: her erkegiň başy Mesihdir, aýalyň başy erkekdir, Mesihiň başy bolsa Hudaýdyr. 4 Başyny örtüp, doga-dileg ýa-da pygamberlik edýän erkek kişi öz başyny biabraý edýändir. 5 Başyny örtmän doga-dileg ýa-da pygamberlik edýän aýal öz başyny biabraý edýändir. Ol başy syrylan aýal bilen des-deňdir. 6 Hawa, eger aýal başyny örtmeýän bolsa, onda, goý, saçyny-da kesdirsin. Ýöne aýalyň saçyny kesmegi ýa-da syrdyrmagy biabraýçylykdyr. Şoňa görä, goý, ol başyny örtsün. 7 Erkek başyny örtmeli däldir. Çünki ol Hudaýyň keşbidir, Onuň şöhratydyr. Aýal bolsa erkegiň şöhratydyr. 8 Çünki ilkibaşdan erkek aýaldan däl-de, aýal erkekden ýaradylandyr; 9 erkek aýal üçin däl-de, aýal erkek üçin ýaradylandyr. 10 Eger aýal erkegiň şöhraty bolýan bolsa, onda ol perişdeleriň hatyrasyna başyny örtüp-örtmezligi, goý, özi çözsün. 11 Ýöne her nähili bolsa-da, Rebbiň halkynyň arasynda aýal erkege, erkek-de aýala garaşlydyr. 12 Çünki aýal erkekden ýaradylan bolsa-da, erkek aýaldan dogulýandyr. Hemmesini hem Hudaý ýaradandyr. 13 Özüňiz pikir edip görüň: aýal başyny örtmän Hudaýa doga etse gelşiklimidir? 14 Erkek saçyny ösdürse biabraýçylykdygyny tebigatyň özi size öwretmeýärmi näme? 15 Aýal üçin bolsa uzyn saç abraýdyr. Uzyn saç oňa başörtgüsi hökmünde berlendir. 16 Eger bu mesele babatda jedel etmekçi bolýan kişi bar bolsa, şuny diýýärin: biziň we Hudaýyň ýygnaklarynda aýallaryň baş örtmegi adatdyr.
Rebbiň saçagyny harlamaň!
(Matta 26:26-29; Mark 14:22-25; Luka 22:14-20)
17 Indi bolsa şu görkezmeleri bermek bilen birlikde, özümiň makullamaýan zadym barada aýtmakçy: siziň ýygnanyşyklaryňyzyň peýdasyndan zyýany köpdür. 18 Birinjiden, Hudaýyň ýygnagy hökmünde üýşeniňizde, araňyzda agzalalyklaryň bolýandygy baradaky gürrüňler meniň gulagyma degýär. Men muňa az-kem ynanman-da duramok. 19 Sebäbi araňyzda agzalalyklar bolmaly zatdyr. Olar siziň Hudaýyň synagyndan geçip-geçmeýändigiňizi äşgär edýär. 20 Siz bir ýere üýşeniňizde, Rebbiň saçagyna gatnaşýarsyňyz diýip hasap edýärsiňiz. Aslynda welin bu beýle däl. 21 Sebäbi nahar iýeniňizde, getiren naharyňyzy başgalar bilen paýlaşman, özüňiz iýýärsiňiz. Şeýdip, biri aç galýar, başga biri bolsa eýýäm serhoş. 22 Eýsem iýip-içmek üçin öz öýüňiz ýokmy? Ýa-da siz Hudaýyň ýygnagyny äsgermän, garyplary kemsitmek isleýäňizmi? Men muňa näme diýeýin? Şeýle edýäniňiz üçin sizi taryplaýynmy? Elbetde, ýok! 23 Çünki men Rebden alan taglymatymy size tabşyrdym. Reb Isa Özüne haýynlyk edilen gijesi eline çörek alyp, 24 şükür etdi. Soňra çöregi bölüp: «Bu siz üçin berilýän bedenimdir.* Muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi. 25 Şunuň ýaly, nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu şerap Meniň ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir. Ondan her gezek içeniňizde, muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi. 26 Şoňa görä-de, siz her gezek bu çöregi iýeniňizde, bu käseden içeniňizde, Reb dolanyp gelýänçä, Onuň ölümini yglan edýärsiňiz. 27 Şunlukda, kimde-kim mynasyp bolmadyk tärde bu çörekden iýse ýa-da Rebbiň käsesinden içse, Onuň bedeni we gany babatda ýazykly bolar. 28 Şonuň üçin-de, her kes diňe özüni synap görensoň, bu çörekden iýmeli, bu käseden içmeli. 29 Kimde-kim Rebbiň bedenini äsgermän iýip-içse, öz-özüni Hudaýyň hökümine duçar edýändir. 30 Ine, şu sebäpden araňyzda ejizler we syrkawlar köp, ölenleriňiz hem az däldir. 31 Biz ilki özümizi synap gören bolsadyk, onda höküme uçramazdyk. 32 Reb bizi terbiýelemek üçin höküm edýändir. Ol muny biziň dünýä bilen birlikde höküm edilmezimiz üçin edýär. 33 Şunlukda, eý, doganlar, Rebbiň saçagy üçin üýşeniňizde, biri-biriňize garaşyň. 34 Eger kimdir biri aç bolsa, goý, öz öýünde naharlansyn. Şonda ol ýygnakda höküm edilmez. Galan zatlary bolsa baranymda çözerin.