13‑nji bap
Söýgi
1 Ynsanlaryň we perişdeleriň dillerinde gürläp-de, söýgim bolmasa, güňleç seslenýän misdirin ýa-da jyňňyrdaýan kimwaldyryn. 2 Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin. 3 Eger men tutuş emlägimi garyp-gasarlara paýlap-da, magtanyp bilerim ýaly tenimi gurban edip-de*, söýgim bolmasa, bularyň maňa hiç peýdasy ýokdur. 4 Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi bahyllyk edýän däldir, özüni beýgeldýän däldir. Söýgi gopbamsyramaýar, 5 biabraýlyk etmeýär. Söýgi öz bähbidini aramaýar, gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar. 6 Söýgi ýamanlyga şatlanmaýar, ol hakykata şatlanýandyr. 7 Söýgi hemme zady bagyşlaýandyr, elmydama ynanýandyr. Söýgi hiç haçan umytdan düşýän däldir, hemme zada çydaýandyr. 8 Pygamberlikler tamamlanar, diller ýiter, bilim gutarar, söýgi bolsa asla tükenmez. 9 Çünki biz häzir bölekleýin bilýäris, bölekleýin pygamberlik edýäris. 10 Kämillik gelende, bölekleýin zatlar tamamlanar. 11 Men çagakam, çaga ýaly gürleýärdim, çaga ýaly oýlanýardym, çaga ýaly pikir ýöredýärdim. Emma ulalyp kemala gelenimde, çagalyk ýörelgelerini taşladym. 12 Şindi ähli zady öçügsi aýnadan gören ýaly görýäris. Emma soňra ähli zady ýüzbe-ýüz göreris. Men şindi bölekleýin bilýärin, ýöne şonda Hudaýyň meni bilşi ýaly doly bilerin. 13 Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt we söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir.