14‑nji bap
Pygamberlik we nämälim diller barada
1 Söýginiň ýörelgesine eýeriň. Ruhy peşgeşleri almaga, aýratyn-da pygamberlik etmäge ymtylyň. 2 Nämälim dilde gürleýän adam adamlar bilen däl-de, Hudaý bilen gürleşýändir. Çünki onuň Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp aýdýan syrlaryna hiç kim düşünýän däldir. 3 Pygamberlik edýän bolsa adamlara ýüzlenip, olara öwüt-nesihat berýär, goldaýar, teselli berýär. 4 Nämälim dilde gürleýän öz-özüne öwüt berýändir, pygamberlik edýän bolsa ýygnaga öwüt berýändir. 5 Siziň ähliňiz nämälim dillerde gürleseňiz, elbetde, gowy, ýöne pygamberlik etmäge ymtylyň. Nämälim dilde gürleýän adam ýygnaga öwüt-ündew bermek üçin öz aýdanlaryny manylandyrmasa, onda pygamberlik edýän ondan has gowudyr. 6 Eý, doganlar, men ýanyňyza baryp, nämälim dillerde gürlesem, ýöne aýanlyk, bilim, pygamberlik, ýa-da taglymat öwretmesem, meniň size peýdam degermi? 7 Mysal hökmünde jansyz saz gurallaryny: tüýdügi ýa-da arfany alyp göreliň. Eger olar tapawutly äheňde çalynmasa, haýsy mukamyň çalynýandygyny nädip saýgarjak? 8 Ýene-de bir mysal: eger surnaýyň çagyryş sesi aýdyň bolmasa, urşa taýynlanjak barmy? 9 Siz babatda hem şeýledir. Eger-de siz dil arkaly aýdýanlaryňyz aýdyň bolmasa, size kim düşüner? Bu diňe howaýy gürrüň eden ýalydyr. 10 Dünýäde örän köp diller bar. Olaryň her biriniň manysynyň bardygy gürrüňsizdir! 11 Emma men kimdir biriniň aýdýanlaryna düşünmesem, men onuň üçin keseki ýurtludyryn. Ol hem meniň üçin keseki ýurtludyr. 12 Şonuň üçin-de, ruhy zatlara şeýle ymtylýan bolsaňyz, ýygnagy berkidýän peşgeşleri almaga dyrjaşyň.
13 Nämälim dillerde gürleýän adam ony manylandyryp bilmegi üçin-de doga-dileg etmelidir. 14 Çünki men nämälim dilde doga-dileg edýän bolsam, muny diňe ruhum edýändir. Akylym muňa gatnaşýan däldir. 15 Näme etmeli? Men ruhum bilen doga-dileg etsem, muny aňymda-da etjek. Men ruhum bilen nagma aýtsam, muny aňymda-da aýtjak. 16 Eger sen Hudaýy öz kalbyňda şöhratlandyrsaň, seniň aýdýan zatlaryňa düşünmeýän adam şükürleriňe nädip «omyn» diýsin? Ol seniň aýdýanlaryňa düşünmeýär ahyryn. 17 Belki, sen oňat şükür edýänsiň, ýöne başga biri bu arkaly öwüt alýan däldir. 18 Hudaýa şükür, men nämälim dillerde hemmäňizden köp gürleýärin. 19 Ýöne ýygnakda beýlekilere-de öwüt-ündew berer ýaly, düşnükli bäş söz aýdanymy gowy görýärin. Bu nämälim dillerde aýdylan müňlerçe sözden gowudyr. 20 Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň. 21 Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:
«Men bu halka
ýat dillerde gürleýänler arkaly,
keseki halklaryň dili arkaly sözlärin.
Emma şonda-da olar Meni diňlemezler – diýýär Reb».
22 Şunlukda, nämälim diller iman edenler üçin däl-de, iman etmedikler üçin alamatdyr. Pygamberlik bolsa iman etmedikler üçin däl-de, iman edenler üçin alamatdyr. 23 Eger bütin ýygnak bir ýere ýygnanyp, heriňiz nämälim dilde gürläp durkaňyz, oňa düşünmeýän ýa-da iman etmedik adamlar munuň üstüne gelse, näme oýlarlar? Olar: «Siz akylyňyzdan azaşypsyňyz» diýmezmi? 24 Emma iman etmedik ýa-da düşünmeýäniň biri pygamberlik aýdylyp durka gelse, ol hemmeler tarapyndan paş edilip, höküm edilýändigini eşider. 25 Şonda onuň ýürek syrlary aýan bolar-da, ýüzin ýykylar. «Hudaý, dogrudan-da, siziň araňyzda eken!» diýip, Oňa sežde eder.
Tertipli ybadat
26 Eý, doganlar, mundan nähili netije çykarsa bolar? Siz bir ýere üýşeniňizde, her biriňizde nagma, öwüt sözi, aýanlyk, nämälim dillerde gürlemek ýa-da ony manylandyrmak bardyr. Goý, bularyň bary ýygnagy berkitmek üçin ulanylsyn. 27 Eger araňyzda nämälim dillerde gürleýän bar bolsa, goý, ikisi ýa-da üçüsi gezek-gezegine gürlesin; ýene biri manylandyrsyn. 28 Emma manylandyryp bilýän bolmasa, onda nämälim dilde gürleýän dymsyn. Goý, ol özüne we Hudaýa gürrüň bersin. 29 Pygamberleriň bolsa ikisi ýa-da üçüsi gürlesin. Beýlekiler bolsa olaryň aýdanlaryny saldarlap görsünler. 30 Emma diňläp oturanlardan birine Hudaýdan aýanlyk gelse, onda gürläp duran dymsyn. 31 Çünki hemmeler öwüt alar ýaly, hemmeler ruhlanar ýaly, baryňyz gezek-gezegine pygamberlik edip bilersiňiz. 32 Pygamberlik sözlerini alan adam olary haçan aýtmalydygyny özi kesgitlemelidir. 33 Çünki Hudaý bidüzgünçiligiň däl-de, parahatlygyň Hudaýydyr.
Hudaýyň halkynyň ýygnaklarynyň ählisinde bolşy ýaly, 34 aýallar ýygnakda gürlemesin. Olara gürlemäge rugsat berilýän däldir. Töwratda aýdylyşy ýaly, olar tabyn bolmalydyr. 35 Eger olar haýsydyr bir zat barada bilmekçi bolsalar, goý, öýde ärlerinden sorasynlar. Aýala ýygnakda gürlemek aýyp ahyryn.
36 Hudaýyň sözi sizden çykandyr öýdýärsiňizmi? Ýa-da ol diňe size baryp ýetdimi? 37 Eger kimdir biri özüni pygamber ýa-da Mukaddes Ruhdan dolan diýip saýýan bolsa, şuňa düşünmelidir: meniň ýazýanlarym Hudaýyň buýrugydyr. 38 Emma ol muny äsgermese, goý, onuň özi-de äsgerilmesin. 39 Şunlukda, eý, doganlar, pygamberlik etmäge jan-tenden yhlas ediň, ýöne nämälim dillerde gürlemegi-de gadagan etmäň. 40 Emma hemme zat mynasyp tärde we tertip bilen bolsun.