14‑nji bap
Pawlus bilen Barnap Ikoniýada
1 Pawlus bilen Barnap Ikoniýa şäherinde hem adatdakysy ýaly ýahudylaryň sinagogasyna bardylar. Ol ýerde olar şeýle bir täsirli wagyz etdiler welin, köp sanly ýahudylar we keseki milletler iman etdiler. 2 Emma iman etmedik ýahudylar keseki milletleri bu iki resulyň üstüne küşgürip, imanlylara garşy olaryň aňyny zäherlediler. 3 Pawlus bilen Barnap bu ýerde uzak wagt galyp, Reb Isa hakynda batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler. Isa hem olara alamatlar we mugjyzalar görkezmek başarnygyny berip, Öz merhemeti baradaky habary olar arkaly tassyklady. 4 Şäheriň halky ikä bölündi; olaryň bir bölegi ýahudylaryň, bir bölegi-de resullaryň tarapyna geçdi.
5 Şundan soň ýahudylar we başga milletler özleriniň ýolbaşçylary bilen birlikde resullaryň üstüne topulyp, olary daşlamakçy boldular. 6 Resullar mundan habarly bolansoňlar, Likaoniýanyň Listra, Derbe şäherlerine we olaryň daş-töweregine gaçdylar. 7 Ol ýerlerde-de Hoş Habary wagyz etdiler.
Pawlus bilen Barnap Listrada we Derbede
8 Listrada aýaklary ysmaz bir adam ýaşaýardy. Ol dogabitdi oturady we hiç wagt ýöremändi. 9 Bu adam Pawlusyň gürrüňini diňläp otyrdy. Pawlus hem oňa dikanlap seredip, onuň sagaljagyna imanynyň bardygyny gördi. 10 Şonda Pawlus gaty ses bilen: «Ýeriňden tur!» diýdi. Ol hem towsup turdy-da, ýöräp başlady. 11 Mähelle Pawlusyň eden işini görüp, likaoniýa dilinde: «Hudaýlar ynsan keşbinde biziň ýanymyza inipdirler!» diýip gygyryşdylar. 12 Barnaby Zews, Pawlusy bolsa, esasy söz sözleýänçidigi üçin Hermes* diýip atlandyrdylar. 13 Zewsiň buthanasy şäheriň daşynda ýerleşýärdi. Zews ruhanysy boýnuna gül çemenleri geýdirilen öküzleri şäher derwezeleriniň agzyna getirip, halk bilen birlikde gurbanlyk berjek boldy. 14 Emma resullar Barnap bilen Pawlus muny eşidip, ýakalaryny ýyrtyp, halkyň ortasyna kürsäp girdiler. Olar batly ses bilen: 15 «Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz hem size meňzeş ynsandyrys. Size Hoş Habar alyp geldik. Indi bu boş zatlardan el çekiň-de, ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan diri Hudaýa tarap dolanyň. 16 Geçen döwürde Hudaý ähli milletlere öz ýollary boýunça ýöremäge rugsat berdi. 17 Muňa garamazdan, Ol Özüniň bardygyny hiç haçan subutsyz goýmaýar. Serediň! Size ýagşylyk edip, asmandan ýagyş ýagdyrýar, möwsüminde hasyl berýär, garnyňyzy birkemsiz doýrup, ýürekleriňizi şatlykdan doldurýar» diýdiler. 18 Bu sözler bilen olar halky özlerine gurbanlyk hödür etmekden zordan dändirdiler.* 19 Emma Antiýohdan, Ikoniýadan gelen ýahudylar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar we ölendir öýdüp, ony şäherden süýräp çykardylar. 20 Emma şägirtler daşyna üýşenlerinde, Pawlus ýerinden turup, şähere gaýtdy. Ertesi gün ol Barnap bilen Derbä tarap ýola düşdi.
21 Derbede olar Hoş Habary wagyz edip, köp şägirt topladylar. Soňra Listra, Ikoniýa we Antiýoha dolanyp geldiler. 22 Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler. 23 Pawlus bilen Barnap her bir ýygnak üçin ýolbaşçylar bellediler. Soňra doga-dileg edip, agyz bekläp bu ýolbaşçylary özleriniň iman eden Rebbine tabşyrdylar. 24 Onsoň Pisidýanyň içinden geçip, Pamfiliýa geldiler. 25 Perga şäherinde Isa hakynda wagyz edenlerinden soň, Attaliýa gitdiler. 26 Ol ýerden hem olar gämili Antiýoha dolanyp geldiler. Pawlus bilen Barnap bu şäherde özlerini Hudaýyň merhemetine tabşyryp, hut şu ýerden şindi tamamlan işlerini amala aşyrmaga ugrapdylar. 27 Antiýoha gelenlerinden soň, resullar ýygnagy bir ýere çagyryp, olara Hudaýyň özleri arkaly ähli bitiren işlerini we ýahudy dälleriň iman etmegi üçin, Onuň açan ýoly barada gürrüň berdiler. 28 Resullar uzak wagtlap şägirtler bilen bile boldular.